Aşagabtda ile belli Köşk ýaranjañy Onjuk Musa tussag edilipdir. Indi Türkmenistanyñ ykbaly nähili bolarka? Sebäbi resmi syýasatyñ daýanjy Onjuk Musa bolmasa, Köşk nädip gününi görer? Halk prezidentiñ beýikdigini, onuñ ýeke-täkdigini, bakydygyny kimden eşider? Prezidentiñ elini ogşamagy çinowniklere kim öwreder? Ýaranjañlyk, ýaramsaklyk, kezzaplyk aşagyndan diremese, Türkmenistan döwleti gürpüldäp gaýdaýmaz-da hernä?! ... Dowamy - دوامی
САРСМАЗ является культурным,общественно-политических,литературы и искусства,веб-страницу; ОВНУК, Хангелди
THE SARSMAZ IS A CULTURAL, SOCIAL-POLITICAL, LITERATURE AND ARTS WEB PAGE - Dr. OWNUK, Hangeldi - TORONTO
نشریه الکترونیکی فرهنگی، سیاسی-اجتماعی، ادبی و هنری سارسماز - دکتر اونق، خ. - تورنتو
المجلة الإلكترونية والثقافية والسياسية - الاجتماعية، والأدبية، والفنية سارسماز - خ.اونق - تورنتو
Monday, July 21, 2008
Subscribe to:
Post Comments (Atom)
Belki, prezident indi asla elini ogşatmakçy däldir? Belki, ol indi öz syýasatyny döwrebap esasda ýöretjekdir? Belki, onuñ baky bolasy gelýän däldir? Beýle bolsa, Onjuk Musa ýaly Köşk ýaranjañlary üçin nähili işi gaýtgynlyk! Indi olaryñ dat gününe! Köşk ýaranjañlary indi çöreksiz, aç-ýalañaç galaýmasa-da biridir!
ReplyDeleteKäbir habarlara görä, Onjuk Musanyñ işini gaýtaran onuñ ýasajyk aýalymyş. Waka şeýleräk bolup geçipdir diýärler…
Arada, ertir ir bilen ýaş aýaly Onjuk Musanyñ öñünde ertirlik goýmandyr. Onjuk Musa alabeder pijamasyny geýip gelip, aşhanada ornaşyp, ertirligiñ öñüne gelmegine garaşyp, günüñ gazetlerine göz aýlap otyryşyna aýalyndan:
- Ezizim, eýjejigim! Hany meniñ ertirligim? – diýip soran.
Ine, şu ýerde-de Onjuk Musanyñ öýünde gopgun turýar: Aýaly tasanjyrap, şeýle jogap berýär:
- Ertirlik deregine – belañ sapyny iý!
- Weý-weý… Bolşuñ nähili, eýjejigim? Diýjek bolsañ, ”belañ körügi” diýeweri… Sen aýal adam ahyryn.
- Ol-a ertir çaýy eken, saña indi hatda belañ körügem ýok! Onsoñ belañ sapy galar-da!
Onjuk Musa aýalynyñ siltenjiremesiniñ sebäbini ýagşylyk bilen biljek bolýar:
- Eýjejigim, jüýjejigim… Beýtmesen-e, ýakmasan-a! Aýt ahyryn! Baky beýik serdarymyzyñ ýagty ýadygärliginiñ adyndan haýyş edýän: saña ne döw çaldy? Nämüçin maña ertirlik bereñok? Men nä indi aç ölmelimi? Sen bilýäñ-ä, men hatda çaýam gaýnadynyp bilemok. Men diñe ýaranjañlyk edip bilýän! Ikimiz şondanam çörek iýýäs!
Bu gün irden äri bilen egri oturyp, dogry gürleşmegi ýüregine düwen ýaş aýal bekine tutdy:
- Seniñ prezidentleri öwmekden başga gymmatyñ ýokdugyny men ilden sorap bilmeli däl… Ýöne sen şu ýyl meñ garyndaşymy ýokary okuw jaýyna salmasañ, men saña aýal boljak däl.
Onjuk Musa gatyrganjak boldy. Ol içki tama girip, öz resmi çykyşlarda geýýän tahýasyny şahyna ildirip geldi-de, hökümli gürledi:
- Çaý getir!
- Getirjek däl!
- Getirersiñ!
- Getirmen!
- Men saña baky beýik prezidentiñ adyndan aýdýan: maña ertirik ber! Men aç!
- Menem saña ähli garyndaşlammyzyñ adyndan joga berýän: belañ sapyny iý ertirlik deregine!
Ýaşajyk aýal ätiýaçdan şumjardy:
- Hemme kişiñ jigileri, ýegenleri uniwersitete, instituta okuwa girýär, nämüçin meñ jigilem, ýegenlem okuwa girmeli däl? Eger señ biziñ maşgalamyza jinnek ýaly haýryñ degmejek bolsa, men seni başyma ýapaýynmy? Men nä gijeden-gije murtar horruldyñy diñlemek üçin saña äre çykdymmy?
Onjuk Musa gymmat baha tahýasyny süýr depesinde köpmanyly pyrlady:
- Onda nämüçin çykdyñ?
Ýaş aýal bu gün hakykaty gizlemekçi däldi. Bu gün Köşk ýaranjañy Onjuk Musanyñ hakykaty eşider günüdi… Hakykat kän garaşdyrmady:
- Aý, işigaýdan, men är gerek bolsa, özüm ýaly ýaş oglana barardym ahyryn! Maşgalamyza peýdañ degermikän diýip, saña geldim! Ýogsa, señ ýaly lagar ýabyny başyma ýapaýynmy?!
Onjuk Musa azajyk aljyrajak boldy:
- Eýjejigim, muny nädäýdiñ-aý?.. Biziñ duýgularymyz wezipeden, peýdadakeşlikden çuñrak dälmidi? Ikimiz eýýäm Türkmenbaşyñ käbesini dünýä inderdik. Onuñ kyblasyny (Onjuk beýlesinde ýatan arap-pars sözlügini açyp, gördi…) hawa, arap-pars dilinde onuñ kakasy kyblasy bolýar öýdýän… Indi onuñ kyblasyny hem dünýä indermek – ikimiziñ borjumyz! Ýogsa, onuñ käbesi biziñ öýmüzde ýekesirär!
Ýaş aýal oña ýigrenç bilen garady:
- Serdaryñ käbesini ýasajak bolup, gijeden-gije gören günümi – Tañrym hiç bir ýaş aýala görkezmesin! Eger meniñ gaýduwsyzlygym hem enem-atamyñ çemeçilligi bolmadyk bolsa, seniñ serdaryñ ”eneliksiz” galýardy… Bu gahrymançylyga dahylyñ azdygyny il-gün bilmesin diýseñ, iç oñurgañdan ýumup gez!
Onjuk Musa gahar-gazap bilen elini ýene-de beýlesindäki sözlüklere uzatdy. Gyssagarada onuñ eline Karl Marksyñ ”Kapitaly” ildi. (Bu kitap onuñ öýünde Onjugyñ Türkmenistanyñ Marksizm-Leninizm institutynda direktor bolup işlän döwründen galypdy. Iru-giç ýene-de bu kitap gerek bolar öýdüp, entek saklap ýördi.) Ol bu wagt Karl Marksyñ ”Kapitalyny” gazaply zybyrdadyp zyñdy-da, ”Ruhnama” ýapyşdy. Ony ogşap-ogşap, gatyny açdy, dümtünip, özüne gerek jümläni gözledi… Emma tapmady. Nägile hüñürdedi:
- Nähili biderek kitap… Içi takaldan doly, gerek zadyñam tapyp bolanok…
- Tribunadan gürläñde-hä beý diýeñok! Ony edil asmandan asyp goýýañ! – diýip, aýaly hem oña gyjalat berdi.
Eline frazeologik sözlügi alan Onjuk:
- Tribunadan her kim aç ölmejek bolup, Köşgüñ eşidesi gelýän zadyny diýýär. Eýjejigim, seni aç-hor etmejek bolup, men resmi tribunalardan ýene näçe presidente baky serdarym diýip gygyrmalam bolsa taýýar! – diýip, gapa göz aýlap, ätiýaçly pyşyrdady.
Ýaş aýal ony çüýledi:
- Bilmedim welin, bu prezidentiñ senden göwni suw içenok. Basym ikimiz aç galsak gerek... Sebäbi täzekiñ indi öz täze ýaranjañlary bar. Onsoñam siziñ hiç biriñiz Jadanyñ, Hramowyñ, Umnowyñ derejesinde ýaranjañlyk edip bileñzok. Şoñ üçinem bu prezident öz ýaranjañlaryny diñe owamylardan tutunjakmyş diýen ”myş” bar. Senem, señ dostlaryñam indi ulanylan haryt, kakasy… Men saña ozal Praga gaçyp gideli, eliñ galam tutman duranok diýip, näçe gezek aýtdym! Sen barkañ, ”azatlykdan” demokratiýa hakda gürlemek Ýowşana galypmy?! Demokratik partiýañ başlygy senmi ýa-da ol?!
Onjuk Musa aýalynyñ bu howsalaly teýenesini eşitmedik bolup, sözlükleri dörmegini dowam etdi. Emma degerli düşündirişi tapmansoñ, frazelogik sözlügi eliniñ tersi bilen zybyrdadyp zyñdy-da aýalyna duýduryş berdi:
- Sen heleý, gaty gitme. Birinjiden-ä, meniñ döwletli öýümde ”Azatlyk” ýaly bidöwlet radioñ adyny tutma! Ikinjidenem, ýañky sögünjiñ erkek adama diýilmeli zat däl!
Aýaly kinaýaly kikirdedi:
- Waý, men ony erkege diýemog-a, kakasy, saña diýýän-ä! Men nä bilemokmy? Men señ bilen gürleşip otyryn-a! Şoñ üçinem näme nakyl ulanmalydygyny özüm gowy bilýän: erkegiñ elini ogşandanam bir erkek bolarmy! Git-de, sen ýene serdaryñ elini ogşa! Ýöne mundanam beterini eşitmejek bolsañ, meñ garyndaşymy okuwa sal!
Onjuk Musa başyndaky resmi tahýasyny gymmatbaha stoluñ üstüne pylçap urdy. Eýesiniñ ýaranjañ çykyşlarynda ýyllarboýy dere-kire eýlenip gatan we bireýýäm daşa dönen resmi tahýa agaja batly degip, güñleç düñküldedi:
- Sen meni jenaýata itekleýäñ! Men 15-20 müñ dollar berip, señ burny sümükli garyndaşyñy Ýokary okuwa salyp biljek däl! Men ol puly gazanmak üçin näçeler ýaranjañlyk etmeli boldum! Indi gören meniñ ýüzüme tüýkürmäge taýýar, sen meniñ günümiñ nähilidigini bileñokmy? Entegem meni halas edýän zat – men ulagdan düşemok. Pyýada gezmeli bolan günümiz meniñ ýüzümi tanaýarmykañ…
Ýaş aýal ajy ýylgyrdy:
- Ýüzüñden tanamasamam, tahýañdan tanaryn – gep onda däl. Ýöne sen bir zady bilip goý: eger sen meniñ diýenimi etmeseñ, onda men baky beýik serdaryñ öýmüzdäki käbesiniñ hakyky däldigini ile ýaýradaryn!
Onjuk Musanyñ ýüzi üç ýuwlan ak esgä döndi:
- Jan heleý, beýtme! Beýtseñ, işimiz gaýdar. Häzirlikçe men entek Köşkde gowy hasapda. Prezidenti öwmeli bolsa, käte çagyryp durlar. Onsoñam, men Demokratik 1-nji sekretary, diýmek, döwletde tas ikinji adam. Sen kim bilen gepleşýäniñi unutma!
Aýaly tasanjyrap, içki otaga girip-çykdy-da, gelip onuñ öñünde bir tagta kagyzy goýdy:
- Ynha, meñ okuwa girmeli garyndaşymyñ ady hem familiýasy, bu ýerde onuñ haýsy okuwa girmelidigem bar. Ýa-ha şol okuwa girer, ýogsa-da… Oññullyk tamasyny etme!
Onjuk Musa şondan soñ gaýga batyp, telefonyñ trubkasyna elini ýetirdi. Emma süññi bir zat syzyp, aýalyna şeýle diýdi:
- Sen meniñ işimi gaýtararsyñ. Ikimiz bir döwüm çöreksiz galarys… Meniñ bu ýaşdan soñ ýaranjañlykdan başga işe ýaramajakdygymy maña äre çykañda bileñokmydyñ? Bilýärdiñ! Indikiñ näme?
- Gepi köpeltme-de, institutyñ rektoryna jañ et! – diýip, aýaly höküm etdi. – Köşge şunça ýaranjañlyk edip, meñ bir garyndaşymy okuwa salmajak bolsañ, senden adam bormy!
Şonda Onjuk Musa bir aýylganç ”ah” çekdi:
- Ah, menem Türkmenbaşyñ ozalky mürzesi Ýowşan Annagurban dostum ýaly ýurtdan wagtynda gaçyp, özümi Praga atan bolsam, bu wagt ”Azatlykda” işläp, weşeñ-weşeñ dollar gazanardym. Pragada öýüm bolardy. Demokratiýañ, söz azatlygynyñ nämedigini şo taýdan öwretseñ, halkam gowy diñleýär. Iñ bolmanda, Annaguly Nurmämmet ýaly ilki ýurdy ýumrup, soñam ”men syýasy gaçgak” diýip, Angliýa özümi atan bolsam-da, günüm häzirkimden gowy bolardy! Boldy-boldy – Durdymuhammet Gurban, Kakamyrat Bally, Gylyçmyrat Kakabaý, Baýram Jütdi dagymyza boldy! Ýurdy ýykyp, özümizem aşagynda galdyk! Günbatara gaçyp atanlar utdy! Olar indi jennetiñ ak jüýjesi boldular! Wah, biz akmak bolduk!
Ol soñra agy gatyşykly zeýrenjini kesip, gözýaşyny sylyp, ýaşajyk aýalynyñ öñünde iñ soñky gezek dogumlandy. Telefonyñ tegelegini aýlady:
- A-alýo! – diýip, açyrdan sekretar gyzyñ näzik sesi eşidildi.
Onjuk Musa-da bokurdagyny arçap, başardygyndan hökümli gürledi:
- Türkmenistanyñ Demokratik partiýasynyñ 1-nji sekretary Onjuk Musa gürleýär. Men rektor bilen gürleşmeli!
Sekretar gyz iki gaýtalatman, ony rektor bilen çatdy. Onjuk Musa salam-helikden soñ, öz garyndaşynyñ adyny ýazdyrdy-da, soñra rektora buýruk berdi:
- Bu ýetginjek sizde okamaly! Ol Demokratik partiýa hem baky beýik täze prezidentimize örän gerekli adam. Biz ýaşlardan özümize wepaly adamlary köpräk ýetişdirmeli. Düşündiñizmi meñ aýdanyma!
- Düşündim… – diýse-de, rektoryñ sesi ynamsyz çykdy.
Onjuk Musanyñ indi Köşkde öñki abraýynyñ ýoklugyny ol nä bilmän durmudy? Şondan soñ kän wagt geçmänkä, Onjuk Musanyñ gapysy kakyldy. Ony tussag etdiler. Ol hatda tussaghana-da Köşge ýaranjañlyk etmäge gidýän dek, öz resmi tahýasyny geýip gitdi. Emma bu gezek ulag ugry Köşge däl-de, tussaghana tarapdy. Aşgabatdan soñky gowşan habarlara görä, Onjuk Musa birnäçe günden bäri tussaglykda ýatyr. Onuñ ýaşajyk aýaly bolsa, baky beýik serdaryñ ýasama käbesi, kiçijek Gurbansoltany gujaklap, ýeke galdy…
Ata-babalrymyzdan galan şeýle bir nakyl bar: ”Otparaz kyrk ýyl oda çokunsa-da, ahyry oda ýykylyp öler!” Onjuk Musa türkmeniñ bagtyny şora çökeren rejimi gurmaga gatnaşdy, onuñ diktatoryna Hudaý diýip, çokundy. Emma ahyrsoñunda-da, edil Boris Şyhmyrat, Muhammet Nazar, Kakamyrat Bally, Paýzygeldi Meretwe beýlekiler ýaly şol rejimiñ zeýli zyndanyna düşdi.
A.Welsapar, ýazyjy