Wednesday, February 18, 2009

2009-02-17-Bir hatyñ yzy bilen! ... بير خطئنگ ائزي بيلن! ه

(Türkmenistandan gelen hat. Ol gysgaldylan görnüşde çap edilýär.)GADYRLY REDAKSIÝA!Men bu haty ibermek bilen daşary ýurt türkmen oppozisiýany ynsaplylyga çagyrýaryn. Nyýazow wagtynda döwlet halky akmak saýyp, köp aldady, bu syýasat häzirem gutaranok. Halk mundan ýadady hem öz döwletini ýigrenip başlady. Bu nogsany daşary ýurt türkmen oppozisiýasy hem özüne ýarag edip aldy. Oppozisiýa halky aldajak bolýar. Siz nämüçin ýurtdan çykyp gidenleñ hemmesini gahryman edip görkezýäñiz? Näme Nazar Hudaýberdi diýilýän bilen Ýowşan Annagurbanow ikisi biziñ şäherimiziñ öñki häkimi bolan, Nyýazowyñ guýrugy Halmyrat Söýünowy tananoklarmy? Onuñ ahlak taýdan bozuk adamdygyny bilenoklarmy? Häkim bolup otyrka ol Nyýazowyñ arkasyna bukulyp, halka özüni beter ýigrendirdi, sebäbi halky depgiledi, horlady, sütem etdi. Indi bu gün siz ondan öz syýasy bähbidiñiz üçin gahryman ýasajak bolýañyz. Ýöne bu size başartmaz. Ýurtdan her kim bir zat üçin çykýar. ”Azatlygy” diñleseñ welin, olaryñ hemmesi gahryman, hemmesi Görogly. Bu hakykat däl. Şony ýatlatmak üçin, men size bir makalany elipbiýe geçirip iberýän we ony çap etmegiñizi haýyş edýän.
Şamyrat Täçmyradow, orta mekdebiñ mugallymy,
Gyzylarbat - 2009-02-11