Friday, March 27, 2009

B I L D I R I Ş - - - - - - - - - - بــیــلــد یــر یــش - - - - - - - - - - - ا طـّـلا عــیّـــه


بمناسبت صدمین سالگرد شخصیت ادبی و ملی ترکمن
آخمات آخوندوف گورگنلی

Ahmat Ahundow Gürgenli barada 1 sagatlyk gepleşik
Türkmen halkynyň alym ogly, gündogarşynas, akademik, faşisitk hitleçilere garşy söweşde wepat bolan Ahamet. A. Gürgenlini 100 ýaşyna bagyşlap, Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy «Bir Türken, bir ykbal» programmasynda ýörite 1 sagatlyk gepleşigi efire berilýär.Gepleşik merkezi Ýewropa wagty bilen Bazar guni sagat 17 we 19-da we 1-nji gün (dushenbe) irden sagat 004-de efire beriler.
-------------------------------------
Ahmat Ahundow Gürgenli(23.031909– İýune 1943)
Merheba eý türkmen ogly, sen ajap at eýlediň,
Gylyjyň syýryp bu gün, köňlüm meniň şat eýlediň.
Zalymyň zarbasyndan köňlümde ýygnalmyşdy dügün,
Sen ony weýran edip, derdimi berbat eýlediň.
Sen Görogly neslisiň, aslyňa dil ýetmez seniň,
Kör teke – Keýmir kemin ganyma perýat eýlediň.
Ýusup – Ahmet, Bamsy Böwrek, Depegözüm senmidiň,
Şol goçaklar zoruny bu günki gün ýat eýlediň.
Gan döken, ülke ýykan Hosrow Perwiz, Gitlere,
Ol şirin watan üçin özüňi Perhat eýlediň. 1941

Tuesday, March 24, 2009

Keçetelpek - كــچــه تـلـپـك

”OZALKYLARA” BIR SORAG!Kinaýa

Ozalky ministr, ozalky gerçek,
Ozal güne ýakman öz depäñizi,
Siz-how, näçe wagt mazamlap gezjek,
Utanman, ozalky wezipäñizi?

“Ozalky deputat” – syn ediñ gelip!
Ozalky barmak hem ozalky dyrnak!
Aýyp dälmi, bäş gün deputat bolup,
Soñra galan ömrüñ öwünip ýörmek?!

Uçup bilmese-de gögi gulaçlap,
Gara gargalaryñ pes däldir päli.
Türkmenbaşyñ beren emelin buşlap,
Agzyñyz dolduryp, ýañrañ bakaly!

Magşar güni bar hemmäniñ başynda,
Şoñ üçin bu sorag görülmez aýyp.
Aýdyñ, ýazmalymy mazar daşynda,
Ölüp, gömülseñiz, ”ozalky” diýip?

Monday, March 23, 2009

NOWRUZ - نـــو روز

Ak Welsapar
Nowruz geldi, ýaz geldi!
Saýrak guşlar açdy dil.
Durna bilen gaz geldi,
Oýandy bagda bilbil.

Öwsüp ýazyñ howasy ...

Thursday, March 19, 2009

2009-nji ýylyň Nowruz baýramy - ه..2009-نجي يئلئنگ نوروز بايرامي

ýetip gelen täze 1388-nji hijri- şemsi ýyl gutly bolsun
Ir zamanlardan bellenip gelinýän Nowruz baýramy gutlamak bile ildeşlerimizing ählisine jan saglyk, we uly üstünlikler arzuw edýaris!

ýaz (bahar) paslyñ ýetip gelmegi bile dogal(tebigat)da başlanýan ýakymly üýtgemeleri, adamlar ir döwürlerden bäri toý tutup, belläp gelseler-de, “tagwym-e Jelaly“ atly kalendar düzülýänçä her ýylda gaýtalanyp duran özgerişleriñ haýsy gün we haýsy sagatda başlanýanlygy bilinmändir. Netijede bu baýram dürli günlerde bellenipdir. Bu mesele ilkinji gezek Jelaletdin Seljugynyñ buýrugy bile, hijri.şemsi (h.ş.) kalendar düzülende ylmy çözülipdir. Şol kalendar boýunça gyşyñ soñunda gije bile gündüziñ deñleşýän wagty ýaz paslynyñ hem täze h.ş. ýylynyñ başlangyjy edilip alynypdyr. Miladi kalendarynda ol gün 21-nji marta gabat gelýär.

Bahar paslynyñ başlanmagy bile bu gezek 1388-njy h.ş. ýylyna gadam goýýarys. Täze başlanýan h.ş. ýylyny gutlap, düşümli we üstünlikli ýyl bolmagyny arzuw edýäris!

Türkmen halkynyň medeni we syýasy ojagynyň koordinator şurasy
2009-03-20 /1382-12-30

Sunday, March 15, 2009

Kanada DIM-niň delegasiýasy Aşgabatda - كانادا د. آي. ام-ينگ وكيللري عشق آباد-دا

Global Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (GHM) Baş direktory Troý Lulaşnigiň baştutanlygynda Kanadanyň Daşary işler ministrliginiň delegasiýasy Türkmenistanda saparda bolýar. Bu maksatnama halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, Kananaskis şäherinde «Sekizleriň toparynyň» sammitinde 2002-nji ýylda herekete girizildi. Kanada GHM-nyň esasy işläp taýýarlaýjy we hemaýatçy ýurdudyr. Myhmanlar Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-de kabul edildi. Mundan başga hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşyk boldy, şol duşuşygyň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanadanyň delegasiýasy Aşgabadyň we Marynyň birnäçe lukmançylyk edaralaryna hem baryp gördüler.

Thursday, March 12, 2009

MINNETDARLYK SÖZLERI - منّتدارلئق ســؤزلري

A. welsapar
Gadyrly ildeşler! ”Gün” neşirýatynda çap edilen kitaplaryñ onlarçasy soñky 2-3 ýylyñ içinde Türkmenistana baryp ýetdi we türkmen okyjylarynyñ eline gowuşdy. Olaryñ arasynda ”Kepjebaş”, ”Böwsülen tümlük”, ”Ak öý”, ”Watanym galdy”, ”Ýolma guşuñ ganatyn!” ýaly kitaplar bar.
Kitaplaryñ ençemesi günorta Türkmenistanyñ üsti bilen ýurda aralaşdy. Bir fakty bellemek gerek… Häzirki döwürde erkin Türkmen edebiýatynyñ merkezi Europa we günorta Türkmenistana süýşdi. Günorta Türkmenistan erkin milli edebiýatymyzyñ ýaşamagy we ösmegi üçin zerur bolan goldaw merkezine öwrülip barýar.
Sebäbi hakyky edebiýatyñ ýaşamagy we ösmegi üçin garaşsyz Türkmenistanda mümkinçilik galmady. Islendik milli edebiýatyñ dowam etmegi üçin howa ýaly zerur bolan şertler soñky ýyllarda ata Watanda rehimsizlik bilen ýok edildi. Gynansagam, biziñ günlerimizde Türkmenistanda diñe ýaranjañ edebiýat ýaşap bilýär. Hakyky ýazyjylaryñ döreden ajaýyp eserleri bolsa, häzirlikçe diñe olaryñ öz iş stollarynyñ çekerinde çañ basyp galýar.

Sunday, March 01, 2009

Eýranyń Buşehrdäki ilkinji ýadro desgasy synag önümçiligine başlady

Russiýa Federasiýasynyń Atom Energiýasy gullygynyń başlygy Sergeý Kiriýenko, Buşehir ýadro desgasynyń gurluşygynyń tamamlanandygyny we önüm öndürmäge başlandygyny aýtdy.
Eýranyń Atom Energiýasy gullugynyń metbugat geńeşçisi Mohsen Şirazi, desga, önüm öndürilmäge başlanmagy üçin ýangyjyń guýlandygyny bildirdi.
Eýranyń Buşehr ýadro desgasynyń gurluşygyna 1995-nji ýylda başlanypdy.
Buşehr desgasy Waşington bilen günbatarly hyzmatdaşlarynyń arasynda Tähranyń ýadro ýarag öndürmägi meýilleşdirýändigi hakyndaky aladalaryny güýçlendirýär.
Web Resource: TRTTURKMEN