H. Ownuk - Toronto - CanadaOktýabr rewolýusiýasyndan soň, Eýran türkmenleriniň taryhynda iki sany esasy syýasy waka bolup geçip, olar öz täsirini halk arasyndaky ruhy medeniýetine täsir ýetirip, olaryň häzirki edebiýatynda uly rol oýnaýar.
Ol wakalaryň birinjisi 1924-nji ýylyň 20-nji maýynda ähli türkmen taýpa-tireleriniň ýygnanyşyp geçiren Omçaly gurultaýyndan soň başlanan wakalardyr.
Ol wakalaryň birinjisi 1924-nji ýylyň 20-nji maýynda ähli türkmen taýpa-tireleriniň ýygnanyşyp geçiren Omçaly gurultaýyndan soň başlanan wakalardyr.
Taryh ylymlarynyň doktory, professor Hummat Ataýew “Eýran türkmenleriniň azat edijilik hereketi” atly ylmy işinde bu barada hakyky faktlary ulanyp, takyk barlag geçiripdir. Türkmenleriň bu azat edijilik hereketiniň halkyň real azat edijilik jümmüşi we hakyky hereketidigini işde doly subut edilýär.
O.S. Malikow bu gozgalaňyň käbir real taraplaryny ündäpdir. Ol Eýranyň 20-nji ýyllaryndaky gozgalaňyny beýan edip Eýranyň demirgazyk-gündogar gozgalaňlary barada şeýle ýazýar:
“1924-nji ýylyň ýaz aýynyň başlarynda hereket başlanyp, onuň yzysüre türkmenler bilen kürtleriň gozgalaňy örboýuna galdy. Türkmenler özlerini Respublika yglan etdiler, (Oňa ýolbaşçylyk eden türkmenleriň wekili Osman ahundy). Eýranyň hökümeti köp azap çekip, bu gozgalaňy 1925-nji ýylda basyp ýatyrdy”.
No comments:
Post a Comment