Friday, August 03, 2007

EDEBIYAT WE SUNGAT - KINO ARTIST

INGMAR BERGMANYÑ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE
*- gunesh.org sahypa dan alyndy
Okyjy, tomaşaçy, diñleýji sungatyñ dagyna näçe basgançak ýokary galyp bilse, şonça-da has uzaklary görýär, onuñ öñünde şonça-da alys gözýetimler, çuñluklar, görülmedik gözellikler açylýar
Beýik şwed kinorejissery Ingmar Bergman 30-njy iýulda, 89 ýaşynyñ içinde dünýäden ötdi.
Soñky ýyllaryny Forö (Goýunada) adasyndaky öýünde ümsümlikde geçiren kino ussady adamzada gymmatly medeni miras galdyrdy. Bergmanyñ ”Ýedinji möhür”, ”Tomus gijesiniñ ýylgyrmalary”, ”Ýertutly meýdan”, ”Dymyşlyk”, ”Persona”, ”Fanni we Aleksandr” ýaly filmleri kino sungatynyñ taryhyna hemişelik girdi. Olaryñ käbiri, meselem ”Ýedinji möhür”, ”Fanni we Aleksandr” bolsa, kino sungatynda deñinden geçilmejek eserler saýylýar.
Ingmar Bergman Ikinji Jahan urşunyñ möwç urýan döwri Stokgolm Universitetini bitirýär. Universitetde ol edebiýaty we sungatyñ taryhyny öwrenýär. Ol 1941 ýyldan başlap professional kino sungatyna baş goşýar. I.Bergmanyñ döredijilik aýratynlygy – onuñ ähli filmlerine diýen ýaly scenarini özüniñ ýazanlygydyr. ...Dowamy bar

1 comment:

  1. Bergmanyñ kinolarynda adam durmuşynyñ manysy agtarylýar, ol filmlerde adam öz töweregindäki boşlugy duýýar, ýaşaýyşdaky öz orny hakda oýlanýar. Şol oýlanmalary Bergman iri planda, öz gahrymanlarynyñ ýüzlerindäki özgermeleriñ iñ bir owunjak detallaryna çenli yzarlamak arkaly tomaşaçylara ýetirmäge jan edýär. Onuñ käbir filmlerinde her epizod bir özbaşyna jivopis eserine meñzeş. Şol jivopis eserleriniñ yzygiderli ýerini çalyşmagy netijesinde-de örän üýtgeşik saldamly, kalbyñy heýjana getirýän dinamiki ösüş emele gelýär. Men Bergmanyñ eserlerinde şatlykdan gussa agdyk gelýär diýip hasaplaýaryn. Adamzat ýaşaýşynyñ düýbüni dörseñ, eýse başga nähili bolsun?..
    Ingmar Bergman diñe bir kino sungatynda däl, eýse teatrda-da özüni synap gören adam. Ol şwed teatrlarynda Şekspiriñ, Çehovyñ, Ibseniñ we ençeme beýleki dünýä belli dramaturglaryñ pýesalaryny sahnalaşdyrdy.
    Ingmar Bergman durmuşda edepli, ýokary medeniýetli adamdy. Maña onuñ köpçüligiñ öñünde eden çykyşlaryny gös-göni zalda bolmasam-da, ýazgyda görmek, diñlemek miýesser etdi. Ol çykyşlar örän saldamly, tebigatyñ aýratyn zehin eçilen adamsyna degişlidi. Ýöne I.Bergman günde-günaşa halkyñ öñüne çykyp ýörmegi pişe edinen adam däldi. Salykatlydy. Öz ýerini, sarpasyny gowy bilýärdi. Soñky ýyllar ol has hem ümsüm ýaşady, öz öýünden çykyp, daş ýerlere gitmedi. Belki-de, bu onuñ saglyk ýagdaýy bilen baglydyr.
    Gysgaça aýdanyñda, 2007 ýylyñ 30-njy iýulynda adamzat sungatyñ gaýtalanmajak ägirdini ýitirdi. Kino sungatynda Ingmar Bergmanyñ Fellini, Kurosava, Tarkovskiý ýaly beýik ussatlaryñ arasynda orny bar. Sungaty öwrenijileriñ, kinorejisserlaryñ käbiriniñ pikirine görä, Bergmanyñ döredijiligi agzalýan ussatlaryñ kämilleşmeginde-de rol oýnan.
    Ingmar Bergmanyñ filmleri elitar sungat hasap edilýär. Türkmenistanly kinosöýüjiler onuñ döredijiligi bilen giñden tanyş diýip bolmaz, ýöne onuñ adyny eşitmedik welin, az-azdyr. Dogrusyny aýtsañ, hut Şwesiýanyñ özünde-de Bergmanyñ döredijiligine elitar sungat hökmünde garalýar. Adamlaryñ sungata düşünişiniñ deñ bolmaýşy ýaly dörediji adamlaryñ ussatlygy-da deñ däl, ol hem basgançaklardan ybarat. Okyjy, tomaşaçy, diñleýji sungatyñ dagyna näçe basgançak ýokary galyp bilse, şonça-da has uzaklary görýär, onuñ öñünde şonça-da alys gözýetimler, çuñluklar, görülmedik gözellikler açylýar…

    ReplyDelete