Türkmen döwlet neşirýat gullugy şygryýetiň muşdaklary üçin ajaýyp sowgat taýýarlady. Bu gulluk ýakynda ýurdumyzyň edebiýatynyň klassyklary we çeper söz ussatlary hökmünde ykrar edilen Ata Gowşudowyň, Nurmyrat Saryhanowyň, Berdi Kerbabaýewiň we Kerim Gurbannepesowyň döreden eserleriniň tutuş tapgyryny okyjylara hödürledi. Bu gezek bolsa onuň hünärmenleri XX asyryň zehinli türkmen şahyrlarynyň biri hasaplanýan Gurbannazar Ezizowyň «Türkmen sährasy» atly ýygyndysyny çap etdiler.
Häzirki wagtda halkymyzyň ruhy mirasyna öwrülen hem-de diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem dünýä edebiýatynyň buýsanjyny we şan-şöhratyny artdyran eserleriň gaýtadan neşir edilmegi täze eýýamyň, täze galkynyş eýýamynyň möhüm ähmiýetli nyşanyna öwrüldi. Çünki türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy hasaplanyp, nesilden-nesle geçýän iň oňat medeni däplerini ösdürmek şu eýýamyň möhüm faktory bolup durýar, onda biziň taryhymyz hem öz beýanyny tapdy. Täze ýygynda Gurbannazar Ezizowyň gysga, ýöne ajaýyp döredijilikli durmuşynda ýazan şahyrana eserleriniň agramly bölegi goşulypdyr. Zehini we edebiýat meýdanyndaky joşgunly zähmeti üçin oňa Türkmenistanyň halk ýazyjysy diýen hormatly at dakyldy, ol Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna, şeýle hem ýaşlar baýragyna mynasyp boldy. Gurbannazar Ezizow inçeden çuňňur duýýan şahyr bolup, ajaýyp şygyrlaryň we sonetleriň awtory hökmünde bellidir. Şolarda dogduk Diýarymyzyň özboluşly gözelligi we sahawatlylygy wasp edilýär hem-de şonda şahyryň kalbynyň joşýandygyny duýmak bolýar. Bu şygyrlarda türkmen halkynyň durmuşy we ykbaly, wagtyň synagyndan geçen belent ruhunyň filosofiýasy öz beýanyny tapýar. Gurbannazar Ezizowyň dürli žanrdaky we tematikadaky eserlerini ata Watanymyza belent we joşgunly söýginiň beýany diýip atlandyrmak bolar. Şonuň üçin şahyryň eserleri bu ajaýyp kitaby eline alan her bir adama düşnüklidir.Ýokary poligrafiýa derejesinde taýýarlanyp, oňat bezelen täze neşir giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Onuň 10 müň sanysy paýtagtymyzdaky Metbugat merkezinde çap edildi.
Web Resource:TÜRKMENPRESS - ترکمن پرش
Web Resource:TÜRKMENPRESS - ترکمن پرش
No comments:
Post a Comment