Sunday, March 16, 2008

EDEBIYAT we SUNGAT - Taryh-ادبیات و صونغات


Mahmyt Kaşgarla bagyşlanan halkara maslahat öz işini tamamlady
Gaýgysyz Garaýew 25 Baýdak
 Düýn paýtagtymyzda «Mahmyt Kaşgarly türkologiýa ylmyny esaslandyryjydyr» atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. Bu maslahat ajaýyp türkmen alymynyň doglan gününiň 1000 ýyllygyna gabatlanyp geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň guramagynda we goldaw bermeginde geçirilen wekilçilikli foruma ýurdumyzyň alymlary bilen birlikde dünýäniň 17 ýurdundan medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
 Mahmyt Kaşgarlynyň klassyky ylmy mirasyny çuňňur öwrenmek we wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň arabaglanyşygyny öwrenmek maslahatyň esasy maksadyna öwrüldi.
 Maslahatyň bäş seksiýasynda geçirilen mejlisleriň barşynda Mahmyt Kaşgarlynyň ylmy we filosofik garaýyşlaryna bagyşlanan çykyşlaryň we dokladlaryň ýüzden gowragy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türki halklaryň dil ylmyny esaslandyryjynyň, onuň döwürdeşleriniň we alymyň işini dowam etdirijileriň durmuş ýoluny açyp görkezýän taryhy-edebi materiallar we barlaglar hem alymlaryň üns merkezinde boldy. ... DOAMY BAR - دو وامــی بار

1 comment:

  1. Mahmyt Kaşgarly gündogar Renessans eýýamynyň aýdyň wekili, leksikolog, dilçi, folklorçy, ösen medeniýetiň we ruhyýetiň tarapdary bolmak bilen, intellektual dünýä prosesiniň ajaýyp şahslarynyň biri hasaplanýar diýlip, çykyşlarda nygtaldy. Beýik alymyň we akyldaryň döredijiligine ýüzlenmek türki halklaryň ylmy we medeni mirasyny çuňňur öwrenmek, ony saklap galmak hem-de geljekki nesillere geçirmek zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Beýik alymyň döredijiliginiň täsiri we ähmiýeti taryhy hem-de milli çäklerden çykýar. Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» atly ensiklopedik işi taryhy, geografiýany we astronomiýany, anatomiýany, medisinany we weterinariýany, medeniýeti, edebiýaty, ilkinji nobatda şol eýýamyň dilini öwrenmek üçin möhüm çeşme bolup durýar diýlip bellenildi. Bu sözlükde XI asyrda türki halklaryň ykdysady, maddy we ruhy ösüşi barada köp sanly gymmatly maglumatlar bar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Kaşgarlynyň «Diwany» etiki gymmatlyklar we özüňi alyp barmagyň kadalary, XI asyrda türki halklaryň özboluşly dünýägaraýşy beýan edilen gadymy medeniýetiň bahasyna ýetip bolmajak ýadygärligidir.

    Çykyşlaryň köpüsinde häzirki zaman türkologiýasyny ösdürmekde «Diwany lugat at-türküň» uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Hususan-da, käbir seksiýalaryň işiniň barşynda onuň häzirki zaman türkmen dilini ösdürmekdäki ornuna bagyşlanan çykyşlar hem diňlenildi. Şu jähtden maslahata gatnaşyjylar «Diwany» türkmen diline terjime etmegiň problemalaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ony geljekde dünýä halklarynyň dillerine terjime etmek babatda pikir alyşdylar.

    Maslahatyň ýapylyş dabarasynda onuň işiniň jemleri jemlendi. Ýygnananlaryň biragyzdan bellemegine görä, Aşgabat forumy diňe bir Mahmyt Kaşgarlynyň durmuş ýoly we döredijilik mirasy baradaky bilimlerimizi giňeltmän, eýsem halkara ylmy we medeni gatnaşyklary ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga mynasyp goşant goşdy.

    Maslahata gatnaşyjylar derwaýys ylmy meseleleri we temalary ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem ylmy, bilimi we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirýän ýurtda bolup görmäge mümkinçilik döredendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, dünýä ylmyny ösdürmegiň hatyrasyna ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan «Mahmyt Kaşgarly türkologiýa ylmyny esaslandyryjydyr» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara agşamlyk nahar berildi.

    Web Resource: Türkmen Press - تــورکمن پرس

    ReplyDelete