Friday, October 02, 2009

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň hatyrasyna - شاعیرقربان نظر عزیزینگ خاطیراسئنا

Gurbannazar Ezizow
Goşgu okaýar
zatlyk Radiosy: Türkmen edebiýatynyň görnükli şahyrlaryndan Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Turkmenbaşyda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary wagtynda Gazanjyk obasynyň ýanyndaky şossede tragiki ýagdaýda (sowet esgeri tarapyndan atylyp öldürilýär) aradan çykýar.
-------------------
Interview:Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligi barada Azatlyk Radiosyndan Hudaýberdi Hally we Ýowşan Annagurban söhbetdeş boldy.Hudaýberdi Hally: 20-nji asyr türkmen edebiýatynda, Gurbannazar Ezizowyň ölmi ýaly agyr ýitgi bolmady diýsek, belki, ýalňyşmarys. Ýowşan, biz söhbetimize şol ýitgili güni ýatlamakdan başlaýaly.Ýowşan Annagurban: Şol wagt biz mekdep okuwçysydyk.
Ýöne Gurbannazar Ezizowy tanaýardyk. Ol Bahar radiostansiýasynda we beýlekilerde çykyş ederdi, Gyzlaryma diýen goşgusyny okaýşy, ony maşgalamyz bolup diňleýşimiz şu günki ýaly ýadymda. Il içinde söýülýän, tanalýan, guwanylýan şahyrdy. Belki-de, bu meniň kakamyň mugallym bolandygy üçin şeýle bolandyr, ýöne şo waka, şo ölüm şeýle bir türkmen jemgyýetini sarsdyrdy, sebäbi türkmeniň söýýän şahyry, türkmeniň soňy bilen has söýjek şahyry şonda dünýäden öten ekeni.

Bu ölümiň detallary, elbetde, şol wagt ýazylmady. Soň Annaberdi Agabaý Gurbannazar hakda ýörite kitap ýazdy. Ýöne Gurbannazar hakda soňky ýazylan zatlaryň hemmesi, belki, şol ölümiň netijesi ýa-da ýaňy boldy diýsem ýalňyş bolmazmyka diýýän. Sebäbi Gurbannazaryň ölümi, bir tarapdan, şonuň poeziýasyna düşünmäge çagyryş ýaly bir hadysa boldy. Şol Gurbannazara atylan tüpeň türkmeniň öz poeziýasyna siňe seretmek üçin atylan tüpeň ýaly bir zat boldy diňsem, ulaltma bolmasa gerek. ... Dowamy Websaytyn ozunde ....

No comments:

Post a Comment