Araz Perwüş: "Mahmut Kaşgarly türki halklaryň hemmesiniň alymy".
Türkmenistanda prezident derejesinde taryhy dogruçyl ýazmak barada gürrüň edilýär. Ýöne taryhy dogruçyl ýazmak üçin ýokardan görkezme berilmeginden başga, dil bilýän we irginsiz zähmetden gaçmaýan alym-gözlegçiler hem gerek.
Germaniýada ýaşaýan türkmen alymy, žurnalist Araz Perwüş türkmen we pars dillerinden başga nemes, iňlis, hytaý dillerinden hem baş çykarýar we uzak wagt bäri türki halklaryň taryhyny, medeniýetini öwrenýär.
Azatlyk Radiosy onuň bilen meşhur türk dilçisi Mahmut Kaşgarly we türkmenler barada söhbet etdi. Söhbetdeşligi Ýowşan Annagurban geçirdi.
Azatlyk Radiosy: Alymlaryň käbiri Mahmut Kaşgarla türkmen diýýär. Siziňçe, bu gepiň jany barmy we bu meselä nähili çemeleşilse dogry bolar?
Araz Perwüş: Mahmut Kaşgarly türki halklaryň hemmesiniň alymy. Meniň pikirimçe, ony belli bir halka ýa taýpa degişli etmäge synanyşmak, türki halklaryň öz tarapyndan bolan halatynda, dar düşünjelilik, ownukçyllyk bolar. Ýöne onuň milletini kesgitlemek baradaky synanyşyk alymlaryň arasynda ýok däl. Olar bu soragy Garahanly döwletini guranlaryň üsti bilen çözmäge synanyşýarlar.
Mahmut Kaşgarly, adyndan hem belli bolşy ýaly, Kaşgarda önüp-ösen adam. Kaşgar hem onuň ýaşap geçen döwri bolan11-nji asyrda Garahanlylaryň paýtagtydy, oňa Ordukent diýilýärdi. Alymlaryň arasynda agdyklyk edýän pikir boýunça Kaşgarly şu döwleti guranlaryň neslinden bolup çykýar.
Hytaý dilindäki taryhy materiýallarda bu döwleti guranlaryň adyna "Gök Art" diýilýär. Ýöne Garahanlylary beýleki türki taýpalara degişli etjek bolýan alymlar hem bar. Käbirleri olar Göktürklerden diýse, käbirleri Uýgur türklerinden, Ýagma türklerinden, Çigil türklerinden ýa-da Garluk-ýagma garymyndan diýýär. Käbirleri hem “olar türkmenlerden” diýýär.
Garahanly imperiýasyna degişli taryhy belliklerde we dil bilimi baradaky eserlerde bu hanlygyň haçan gurlandygy, ony guranlaryň kimlerdigi hakda berilýän bölek-büçek maglumatlardan başga anyk zat bolmansoň, bu mesele barada kesgitli bir zat aýtmak kyn.
Hytaý taryhçysy Li Şu Huýiň pikiriçe, Garahanly döwletiniň düýbi 9-njy asyryň 20-nji ýyllarynda oguzlaryň Gynyk taýpasy tarapyndan tutulýar. Ol: “Gynyk taýpasy Garahanlylaryň özenini emele getiren taýpa. Bilge Köl Kadyrhan onuň ilkinji kaganydyr. Soňraky kaganlar hem şu taýpadan çykan” diýýär.
Taryhçy bu baradaky garaýyşlaryny Mahmut Kaşgarlynyň "Diwan Lugati't-Türkde" berýän maglumatlary bilen delillendirip. Ol onuň özüniň-de oguzlardan bolandygyna ynanýar.
Azatlyk Radiosy: Kaşgarla türkmen diýýän taryhçylar anyk nämä esaslanýarlar?
Araz Perwüş: Birinjiden, Mahmut Kaşgrlynyň özi: “Biziň atalarymyz bolan «امیرلره» , «خمیر» diýilmeginiň sebäbi şu. Çünki oguzlar “elip” harpyny “خ” harpyna öwürýärler. Şol sebäpden Türk illerini Samanlylardan alan atamyza «خمیر تکین » diýilýär” diýýär.
Ikinjiden-de ol oguzlar barada düşündiriş bereninde: “Oguz - türk taýpalarynyň biri. Oguzlar türkmenlerdir. Olar 22 urug bolup, her biriniň aýry belgisi we mallaryna basýan tagmalary bar. Olar biri-biriniň malyny şu tagmalardan tanaýar. Birinijisi we baştutanlyk edýän gynyk. Zamanymyzyň kaganlary şulardandyr” diýýär.
Azatlyk Radiosy: “Diwan Lugati't-Türkde” beýleki türki taýpalara garanda türkmenler hakda has kän gürrüň edilen diýýärler, bu dogrumy ýa biraz ulaltmamy?
Araz Perwüş: “Diwan Lugati't-Türk” ilkinji notbatda araplara türk dilini öwretmek üçin yazylan sözlük. Ýöne ol adaty bir sözlük däl. Hakykatyň hatyrasyna aýtsak, bu eser Garahanlylar döwründäki bütin türki halklaryň ykdysady we medeni durmuşyny, ylym-magaryf, edebiýat-sungat ugurlarynda gazananş üstünliklerini, häkimiýet, syýasat, döwlet dolandyryş işlerindäki başarnyklaryny, filosofik-ahlak düşünjelerini, däp-dessurlaryny baý dil serişdeleriniň üsti bilen beýan edýän ensiklopediýadyr.
Bu kitapda beýleki türki taýpalara garanda türkmenler barada has köp maglumat berlipdir diýsek, ulaltma bolmasa gerek. Oguzça sözler diýip häli-şindi getirilýän sözlerden hem-de mysallardan başga oguzlaryň 22 taýpasy, mallaryna urýan tagmalary birin-birin sanalyp, olar hakda giň maglumat berilýär. Kaşgarly “Türkmenler oguzlardyr. Bularyň “türkmen” diýip atlandyrylmagynda bir hekaýa bar” diýip, türkmenleriň gelip çykyşyny, olaryň bu ady alyşlaryny Isgender Zülkarneýn bilen baglanyşdyrýar.
Azatlyk Radiosy: “Dile geldi-bile geldi” diýipdirler, belki okyjylarymyza bu hekaýany hem aýdyp berersiňiz?
Araz Perwüş: Baş üstüne. Ol hekaýa şeýle başlanýar: “Isgender Semerkantdan ötüp, türk ýurtlaryna aralaşanda, türkleriň Şu atly bir ýaş kagany bardy. Ol uly goşunyň eýesidi. Oňa “Zülkarneýn golaýlap gelýär. Näme buýruk, urşalymy?” diýenlerinde, ol anyk jogap bermeýär. Adamlar “kagan uruşmakçy hem däl, yza çekilmekçi hem däl” diýip pikire gidýärler. Aslynda bolsa kagan: “Hojant derýasynyň boýunda garawul goýuň. Zülkarneýn derýadan geçse, habar ediň” diýip, ol ýere tarkanlardan düzülen kyrk adamlyk aňtawçy toparyny iberipdir. Bu buýruk gizlin berlensoň, esgerler mundan habarsyz eken. Kagan bolsa, soralan soraga jogap bermän, tabşyryk beren adamlaryndan geljek habara garaşýar. Isgender derýadan geçýär. Aňtawçylar hem muny gije kagana ýetirýärler. Kagan ara salym salman gündogara tarap çekilmegi makul bilýär. Laňňara çalyp, halka habar ýetirýärler. Şol gijäniň özünde ýola düşülýär. Halk kagandan beýle karara garaşmansoň, her kim onuň yzyna düşjek bolup, adamlar garym-gatym bolýar. Onsoň, garma-gürmelikde, kimiňkidigine seretmän, mallar hem sürlüp alnyp gidilýär. Netijede, ýigrimi iki maşgala münere ulag tapman, şol ýerde galmaly bolýar. Soň olara maşgalalary ýanynda, goşlary arkasynda, ýadaw, aç-suwsuz halda goşunyň yzyndan barýan iki adam sataşýar. Ýaňky adamlar bu iki maşgala ýüzlenip: “Eý adamlar, Zülkarneýn ýolagçy adamdyr. Ol bir ýerde durmaýar. Biziň ýerlerimizde hem durman geçip gider. Ýurdumyz özümize galar” diýýärler. Ol iki maşgala “Gal, aç, şu ýerde galyň” diýýärler. Bu “aç galyň” diýmekdir. Soň olara “halaç” diýipdirler. Halaçlaryň asly şudur. Olar iki taýpadyr” diýip, Kaşgarly ýazýar. Isgender ýaňky ýigrimi iki maşgalanyň yzyndan ýetip, olara degmeýär. Gaýta olary türklere meňzeş görüp, “türkmanend” – “türklere meňzeş” diýýär. Şeýdip bu söz olara şu wagta çenli at bolup galan.
Kaşgarly: “Türkmenler aslynda 24 taýpadyr, ýöne iki taýpadan ybarat halaçlar käbir babatlarda olardan aýry durýarlar. Şol sebäpden olar oguzlaryň hataryna girmeýär. Bu sözüň asly şudur” diýýär.
Azatlyk Radiosy: Ýaňy siz Şu kagany agzadyňyz. Onuň yzyna eýermän galan adamlara “türkmen” diýlen bolsa, onda ol-da türkmen, ýagny türkmen kagany bolýar. Bu kagan barada taryhy çeşmelerde maglumlat barmy?
Araz Perwüş: Şu ady “Diwan Lugati't-Türkde” ýekeje ýerde, şu agzan türkmen rowaýatymyzda geçýär. Ol Zülkarneýn bilen baglanyşykly beýleki rowaýatlarda hem ýatlanýar, ýöne ady agzalman, diňe “türk kagany” diýilýär. Başga çeşmelerde ol barada aýdylýan zat ýok.
Eger biz Kaşgarlynyň aýdýanyna dogry düşünýän bolsak, onuň Isgender Zülkarneýn diýýäni Aleksandr Makedonski bolmaly. Ol miladydan öň 356-njy ýylda doglup, bary-ýogy 33 ýaşap, miladydan öň 323-njy ýylda aradan çykypdyr. Eger şeýle bolsa, onda biziň kaganymyz hem şol döwürlerde ýaşan adam bolýar.
Kaşgarlyda aýdylyşyna görä, kagan gündogara, Çine (Hytaýa) tarap gidýär. Zülkarneýn hem onuň yzyna düşýär. Uýgurlara ýakyn bir ýerde kagan Zülkarneýniň üstüne bir bölek goşun iberýär. Onsoň Zülkarneýn hem goşun iberýär. Çaknyşykda Zülkarneýniň iberen goşuny ýeňilýär. Kaşgarlynyň aýtmagyna görä, bu çaknyşyk “Altun gan” diýen ýerde bolýar. Onsoň Zülkarneýn şol ýerde Şu bilen ýaraşyk baglaşýar. Ol birnäçe wagtlap şol ýerde bolup, uýgur şäherlerini gurdurýar. Zülkarneýn çekelip gidensoň, kagan Balasaguna çenli ilerläp, öz adyna Şu şäherini saldyrýar. Ine, türkmen rowaýatynda ol barada aýdylýan esasy zatlar şular.
Azatlyk Radiosy: Siziň gören taryhy çeşmeleriňizde türkmenleriň hunlar bilen baglanyşygy barada näme diýilýär, şu barada hem aýdyp bilmezmisiňiz?
Araz Perwüş: Ýedinji asyra degişli hytaý dokumentlerinde türki dilde gürleýän taýpalaryň hemmesine Xiongnu (Hun) “匈奴” neslinden diýilýär. Mysal üçin, 636-njy ýylda, Kaşgarlydan takmynan 400 ýyl öň tamamlanan Zhōu dinastiýasynyň taryhnamasy Zhou Shuda (周书) “Tujue Hsiongnuň bir aýratyn taýpasydyr; olaryň maşgala adyna (nesilbaşysynyň adyna) Ashina” diýilýär. Onuň yz ýandynda hem “başga bir däbe görä, türküleriň ata-babalary Suo (索) ýurdundan gelipdir, bu ýurt Xiongnudan aňyrda demirgazykda ýerleşýär” diýilýär. Men şu ýerde “Suo ýurdy” diýip, ýaňky türkmen kagany Şuwyň guran döwleti göz öňünde tutulýandyr diýip pikir edýärin. Ýene-de şol wagtlar, ýagny Kaşgarlydan 400 ýyl öň ýazylan Sui dinasatiýasynyň taryhnamasy “Türküleriň ata-babalary Ping Liangdan (Kansuda) bolýan garyşyk ýabanylar (Hu), olaryň maşgala ady Ashina” diýýär. Bularyň ikisi-de Ashinanyň maşgala adydygy bilen ylalaşýar. Bu häkimiýet başyndaky urugdyr diýip çak edilýär. Garyşyk ýabanylar diýip hem şol wagtlar Xiongnu göz öňünde tutulan bolmaly. Bu ýagdaý bu taýpalaryň irki taryhy barada hytaýlylaryň maglumatlarynyň anyk däldigini ýa şol anykdyga olaryň özleriniň hem doly ynanmanlygyny görkezýär. Ýöne giňden ynanylýan ýörgünli pikir türki halklaryň Xiongnuň neslindendigi. Hytaýlylaryň bu döwürde Xiongnu diýip haýsy etniki topary göz öňünde tutandygy anyk belli däl. Ýöne şol mahallar türki dilli, özlerine Xiongnu neslinden diýýän tire-taýpalaryň bolandygyna şübhe ýok.
Kaşgarly türk kaganynyň Çine tarap gidenligini, Isgenderiň hem onuň yzyna düşenligini, bularyň ikisiniň uýgurlara ýakyn bir ýerde urşup ýaraşandygyny aýdýar. Kaşgarly “Zülkarneýn birnäçe wagtlap şol ýerde bolup, uýgur şäherlerini gurdurdy” diýýär. Ol bu şäherleriň adyny Sülmi, Goçu, Janbalyk, Bäşbalyk we Ýeňibalyk diýip berýär. Men Sülmi bilen Janbalyga-ha bilemok, ýöne Goçu, Bäşbalyk we Ýeňibalyk Hytaýyň Şinjiang Uýgur özerk regionynyň Turpan welaýatynda. Eger Zülkarneýn kaganyň yzyndan giden bolsa, kagan hem onuň üstüne goşun iberen bolsa, ol çekilip gidensoň hem kagan Balasaguna gelen bolsa, onda Isgender uýgur ýurdunda bu şäherleri gurduryp ýörkä, biziň kaganymyz aňyrda, gündogarda bolýar. Turpandan aňyrda hem Kansu welaýaty bar. Şeýlelikde, Kaşgarlynyň aýdaýany özünden 400 ýyl çemesi öň ýazylan Sui dinastiýasynyň taryhnamasynda aýdylýana gabat gelmän hem duranok.
Ýöne bir zady ýatdan çykarmaly däl. Kaşgarly özünden takmynan 1400 ýyl öň bolan wakalary rowaýata esaslanyp berýär. Onuň özüniň muňa ynanandygy belli däl. Hytaý taryhnamalarynda berilýän hem bu dokumentlerden 1000 ýyl aňyrdaky zatlar, hemmesi-de il arasynda bar gürrüňlere daýanylyp ýazylan. Şol sebäpden bulardan ylmy takyklyga garaşmaly däl. Ýöne men, nähili hem bolanda, bular bir boş gürrüň dälmikä diýýärin.
No comments:
Post a Comment