Adamzadyň eneden dünýä inenden beýläk, öz ösüşiniň dürli tapgyrlaryny başdan geçirişi ýaly, taryhyň uzak eýýämleriniň jümmüşinden başlanyp, sungatda dil we edebiýat ylymlary hem öz ösüş mertebelerini başdan geçiripdir. Ýazuw ilki başda manyly suratlary dag-daşlaryň üýzüne suratlandyrmagy bilen, sungatyň ilkinji görnüşlerini beýan edilipdir. Adamzat öz aňyndaky aýdyň we gözel oýlary hat arkaly özlerinden miras galdyrypdyrlar. Şeýle tapgyrlaryň dowamynda sungat we sowatlylyk öz ähmiýetine eýe bolupdyr. Şunlukda her bir köpçiligiň medeniýeti öz sowatly edebiýaty we sungaty bilen kesgitlenipdir. Jemgyýetçiligiň dürli döwürlerde öz synp gatlaklaryny jemgyýet esaslary boýunça, belli formatsionlarda şekillendiren bolsa, şol jemgyýete tabynlykda onuň hem edebiýaty hem-de medeniýeti öz döwruniň anyk beýany hökmünde geljek nessillere gymmatly tejribe toplapdyrlar.
Edebiýat wekilleri öz döwrüniň tejribelerini toplamak bilen çäklenmän, geljek nesillere täze ideýa we garaýyşlaryň otopiasyny galdyrypdyrlar. Her bir döwriň talabyna laýyklykda uzak eýýämiň dowamynda geçmişdäki edebiýat wekillerimiziň eden arzuwislegleri soňky nesilleriň üsti bilen täze garaýyşlara eýe bolupdyr. Şeýdibem edebiýat we sungat öz her bir döwrüniň beýanyny köpçilige ýetirip durupdyr.
Türkmen dil we edebiýaty has irki döwürlerden, ýagny baryp Orhun-Ýeniseýi ýazgylary eýýäminden bäri alanyňda dürli döwürleri başdan geçiripdir. Muňa Gorkut ata kitaby, Mahmut Kaşgarlynyň Diwan-e lugat-et-türk lugatnamasy, Bilge Kagandan galan ýazuw ýädigärlikleri, Artönge(Artöňňe), kysas il-änäbýa Räbguzy, Ýusup Hashajybyň eseri, Hoja Ahmat Ýasawynyň Diwan-e Hekmeti, umuman X we XI asyrlardan bäri türkmeniň dini wekilleriniň tarapyndan göýberilen eserler şeýle hem Mir Alyşir Nowaýynyň eserleri, Jahanşa Hakykynyň diwany, Döwletmammet Azadynyň eseri, Magtymgulynyň diwany, Mollanepesiň eserleri we beýleki ýüzlerçe eserler güwä geçýär.
Şu agzalyp geçilen edebiýat wekillerimiziň hersiniň edebi miraslary öz döwrüniň edebi häsiýetleri bilen aýratynlaşýar. Şol hatarda biziň häzirki döwür edebiýatçy alymlarymyzyň bellemegine görä, “ … Türkmen halkynyň klassik edebiýaty orta asyrlar döwürinde romantismiň täsirinde ýaýbaňlanypdyr.”.
Romantismyň açyk manysyny W. Belinskiý onuň çeşmelerini görkezip şeýle garaýyşda çäklendirýär: ” Romantism ýeke bir sungat, diňe bir poeziýa degişli däldir.
Onuň çeşmesi sungatyň we poeziýanyň çeşmesi nirede bolsa, şol ýerdedir, durmuşdadyr. Durmuş bolsa, adamzadyň bar ýerindedir. Nirede adam bar bolsa, ol ýerde romantism hem bardyr. Romantism özüniň iň dar we iň anyk manysynda adam ruhynyň içki dünýäsi, onuň üýreginiň iň gizlin we mukaddes ýaşaýyşydyr. Romantismyň
syrly we gizlin çeşmesi adamyň köňlündedir. Duýgy we söýgi romantismiň hereketi we üýze çykyşydyr. Şonuň üçin-de, her bir adam tahmynan romantikdir. Diňe özlerinden
başga hiçkimi söýüp bilmeýän menlikciler ýa-da halk yzagalaklary ýa-da garyp we gödek ýaşaýyşyň maddy mätäçlikleri bolan, ruhlarynda simpatiýanyň we antipatiýanyň mukaddes tohumlary owradylan we mynjyradylan adamlar bu duýgudan boş bolup bilerler. Şu garaýyş romantism hakyndaky iň tebigy we iň deslapky düşünje diýip hasap edilýär.”.[1]
Alymlarymyzyň şeýle garaýyşyna esaslansak, biziň klassik edebiýatçylarymyz we şahyrlarymyz öz eserlerini romantismiň täsirinde döredipdirler. Sebäbi olaryň yaşan döwüri dünýäde öňdebaryjylaryň aňynda romantik ideýalaryň örboýuna galan galkynyş eýýämi hasaplanypdyr.
XVIII – XIX asyrlardaky Türkmen edebiýatynda Türkmen halkynyň geljeginiň romantiki maksatnamasynyň çägi ýeke söýgi we maşgala serhedi bilen çäklenmän, eýsem ol durmuşyň ähli pudaklaryna ýaýrapdyr. Şolaryň hemmesini birin-birin barlap geçmek welin, şu günki Türkmen öňdebaryjylarynyň borjy bolup duryar. Sebäbi ol saňa miras galan medeniýetiň hökmünde özüni tanatmak we seniň aňyňda täzeçe ideýany urukdyrmagy talap etýär.
Romantismiň bir aýratynlygy onda şahsyýet hereketdäki durmuşyň içinde işeňňirlik bilen gatnaşýar. Durmuş hemişe duýdanly-duýdansyz ösyär. Onuň keşbi ýütgäp gitýär. Şonuň bilen birlikde, onuň içinde hereket etýän adamlar hem özgerýär. Bu ýerde adam durmuşa laýyk we onuň kanunlaryna kibaodaşlykda özüni alyp baryar.” [2]
Romantisimiň ýene-de bir esasy aýratynlyklarynyň biri, onda bir gahrymanyň ýa-da başgaça aýtsak, şahsyýetiň üsti bilen belli bir halkyň, belli bir toparyň ýa-da şahyryň hut özüniň üýreginde besläp gelen süýji we mukaddes arzuwlarynyň gam bilen galtaşyp perwaz urmagydyr.
Magtymgulynyň eserine göz aýlanyňda, onuň köňlündäki hyýallar jahan syýahatyna, ylym almaga tarap ganat kakyar. … Görkezilen goşguda Magtymguly Pyragy bir uly sorag bilen “dildarynyň” gözlegine çykýar. Dildaryny görmek uçin ony dürli sypatlarda ölçäp görýär. Emma şol zamananyň şertleri onuň bu arzuwlarynyň amala aşmagyna mumkinçilik bermeýär. Şoňa görä-de, ol arzuwlar haýsy ýana uçsa-da, gam olaryň gapdalyndan galmaýar. Iň soňunda bolsa, bu wepasyz kär üçin Magtymguly meýmestlikde we şeýdalykda özüne gelýär. …
Romantisimiň hususy aýratynlyklarynyň biri hem onda şahyryň, ýazyjynyň romantiki hýyallarynyň, duýgularynyň çyrpynşyp, näbelli maksatlara tarap heýejan urup uçmagydyr. Şonda-da, real durmuş şahyry kanagatlandyrmaýar. Onuň arzuw hem köňül-hyýallary entäk gutarnykly şekillenmedik halat-da, çykyş etýärler. Beýle ýagdaýlar entäk, şahyrlaryň ýaş wagtlarynda ýaş köňülleriniň nämälim süýji arzuwlary bilen göňklerde çyrpynyan döwründe bolýar we köp duş gelýär.
Magtymguly Pyragynyň döwründen eýýäm ençeme asyr geçipdir. Romantism özözüni ýuwaş-ýuwaşdan realisma çalyşan XXI asyryň bosagasynda otyrys. Bu günki nesil her bir döreýişi öz real halatynda göresi gelýär. Elbetde ýaşlykda ýaňlanýan romantismiň näbelli sesleri we näbelli arzuwlary, geljekde olaryň ýazuw işlerinde we eserlerinde nusgalanyar we täzeçe ideýalar bilen galtasyp, şekillenjek anyk islegleriň we realismiň buşlukçysydyr.
Magtymguly Pyragynyň agtaran ”dildaryny” bu günki nesil tapýar welin, ony tapmak üçin eýýäm ençeme asryň we nesliň gelip-geçmegi bilen miýesser bolupdyr. Dimek ony döwür talap etmeli. …
Aşakda Magtymguly Pyragynyň “Näme Sen?” atly goşgusyny mysal getiryäris.
Magtymguly pyragynyň her toppak goşgusynyň arasynda gyzyl bellikde berilen goşgy bu günki nesliň ideýasy görnüşde berilýär:
NÄME SEN? – OL MENEM!
M.P.- Asla seni görmemişem, dildarym!
Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!
Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram,
Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!
H. N.- Aslym sorsaň bir göwherden dörän biz,
Guşlar içre ak kepderem, düz menem.
Hýyal-da däl, hakykatda ýaran biz,
Baglar içire läle gül men roz menem!
M.P.- Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň,
Ýa sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammyň,
Ýa ýylmy sen, ýa gündizmiň, gijemiň,
Ýa Aýmy sen, ýa Günmi sen, näme sen?!
H. N.- Garaçydan saýlanmanam deňlikde,
Jam-da hak şerap men, saky aňlykda,
Gije ýalkym, gündiz saýa daňlykda,
Hakykat aý bolsa, günde köz menem!
M.P.- Ýa müşkmi sen, ýa kokunar anbarmyň,
Aýda bilmen, ýa çarhmy sen, çenbermiň,
Ýa derýamyň, ýa möwçmi sen, lenbermiň,
Ýa girdapmyň, ýa burgunmyň, näme sen?!
H. N.- Müşki-anbar kokan tupan-gaýdan men,
Çarhy pelek gerdandygyn aýdan men.
Deňizleriň tolguny dek saýdan men,
Rowşen salan, öwüşgün atan ýüz menem!
M.P.- Altynmy sen, kümüşmi sen, zermi sen,
Ýa arşmy sen, ýa kürsmi sen, ýermi sen,
Ýa ýakutmyň, ýa merjenmiň, dürmi sen,
Ýa çyragmyň, ýa röwşenmiň, näme sen?!
H. N.- Altyn-kümüş zowkyn däner hak ýarka,
Arşda ýyldyz, ýerde şehit gan barka,
Ýakut-merjen nedir? hakykat dürkä,
Şam çyragyň aýdyň pasly ýaz menem!
M.P.- Magtymguly, geç namysdan, aryňdan,
El götergil bu wepasyz käriňden,
Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan,
Meý-mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen?!
H. N.- Bu gün Iller! Namys üçin, ar üçin,
El götermen, bu wepaly kär üçin,
Bu gün söweş güni, ol bimar üçin,
Hakykata mest hem şeýda, baz menem!
Asgabat : Ýaz-1990 – H.Ownuk
· M. P. (Magtymguly Pyragy)
· H. N. (Hangeldiň Neziresi) …
“Ylym”, 1995 ý. 8 sah.
No comments:
Post a Comment