Thursday, January 12, 2012

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Maksatnamasy

TRTTurkmen: 
Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär görkezilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Maksatnamasy
Hormatly watandaşlar!
Mähriban halkym!
Bilşiňiz ýaly, ýakynda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar meni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda dalaşgär hökmünde hasaba aldy.
Şu gün men siziň öňüňizde çykyş edip, mähriban Watanymyzyň geljegini nähili göz öňüne getirýändigim baradaky öz garaýyşlarymy maslahatlaşmak, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesinde amala aşyrjak işlerimiň maksatnamasy bilen tanyşdyrmak isleýärin.
Bu çykyş hemmeler üçin öz halkyna hyzmat etmegiň ýeňil bolmadyk, örän jogapkärli borçlaryny üstüne alýan adam hökmünde meniň üçin hem, maksatnamada göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmeli adamlar bolan siziň üçin hem örän möhüm diýip pikir edýärin.
Siz meniň häzire çenli eden işlerimi gowy bilýärsiňiz, şoňa görä-de, bu işlere baha berip bilersiňiz. Häzir bolsa men sizi geljek 5 ýylda amala aşyrjak işlerimiň maksatnamasy bilen tanyşdyrmak isleýärin.
Bilşiňiz ýaly, Türkmen döwletini ösdürmegiň täze tapgyrynda öňümizde duran wezipeleri biz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynda beýan etdik. Özboluşly demokratik gurama bolan Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar öňde goýlan bu wezipeleri makulladylar.
Häzir men ilki bilen, alyp barýan daşary syýasatymyz barada öz garaýyşlarymy beýan etmek isleýärin.
Häzirki Garaşsyz Türkmen döwletinde durmuşa geçirilýän täzeleniş strategiýasy dünýäniň dürli ýurtlary we abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen giň gerimli we netijeli hyzmatdaşlyk etmek arkaly amala aşyrylýar.
Türkmenistan dünýädäki iň uly, häzirki zamanyň ählumumy meselelerini çözmek boýunça alnyp barylýan işlerden çetde durmaýar. Bu ugurda biziň ýurdumyz halkara bileleşigi bilen arkalaşykly hyzmatdaşlyk edýär. Sebitde parahatçylygyň we abadançylygyň ygtybarly daýanjy bolmak bilen, biziň ýurdumyz öňdebaryjy başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu başlangyçlar bolsa biziň alyp barýan, dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýän we goldanylýan, ählumumy bähbitleriň hatyrasyna açyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen syýasatymyzyň üýtgewsizdigini tassyklaýar.
Biz geljekde hem ähli ýurtlar bilen deňhukukly esasda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek we netijeli gatnaşyklary alyp barmak üçin açyk bolan halkara syýasatymyzy bitaraplyk ýörelgelerimizi nazara almak bilen durmuşa geçirmegi maksat edinýäris.
Hormatly watandaşlar!
Döwletimiziň ösüşiniň indiki tapgyrynyň düýp manysy durmuşa geçirýän özgertmelerimizi yzygiderli ösdürmekden we durnukly amala aşyrmakdan ybaratdyr. Döwletimizi galkyndyrmagyň we berkarar etmegiň ilkinji döwrüniň wezipelerini öňümizde goýmak we esasan üstünlikli çözmek bilen, biz indiki tapgyra – ösüş tapgyryna gadam basdyk. Biz ýurdumyzy ösdürmegiň bu tapgyrynda öňümizde durýan wezipeleri çözmäge hem taýýardyrys.
Biziň wezipämiz – XXI asyrda Türkmenistany berk binýatly, kuwwatly, abadan, ýokary derejede ösen, bäsleşige ukyply döwlete öwürmekden ybaratdyr.
Hut şonuň üçin hem, agrar ýurt bolan Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek biziň ilkinji nobatdaky wezipelerimiziň biridir.
Ýurdumyzda ylmy ösdürmek hem döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň strategiýasyna öwrüler.
Öňümizde durýan giň gerimli wezipeleri durmuşa geçirmek üçin, biz elbetde, iň täze tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagy, netijede, Watanymyzda ylmy we bilimi mundan beýläk-de hil taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýarys. Ylym we bilim bolsa, eziz Diýarymyzy ösdürmegiň ileri tutulýan iň esasy ugurlarynyň biri bolupdy we geljekde hem şeýle bolmagynda galar.
Bu wezipeler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde diňe bir täze zawodlaryň we fabrikleriň guruljakdygyny däl-de, eýsem iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen, gutarnykly önümçilik tapgyry bolan, ägirt uly senagat toplumlarynyň dörediljekdigini hem aňladýar.
Men ýurdumyzyň täze taryhy döwürdäki kanunalaýyk ösüşi türkmen jemgyýetiniň durmuşyna innowasiýalary ornaşdyrmak üçin esas bolup durýar diýip hasap edýärin.
Ýurdumyzy innowasiýalar ýoly bilen ösdürmegiň indiki tapgyry adamlaryň durmuşyny hil taýdan özgertmäge niýetlenen, türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň durnuklylygyny, durmuşa ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýän, anyk maksatlara gönükdirilen toplumlaýyn işleri alyp barmakdan ybaratdyr.
Täze döwür, elbetde, amala aşyrýan özgertmelerimizi kabul etmäge we goldamaga jemgyýetiň taýýar bolmagyny hem talap edýär.
Şonuň üçin hem, biz häzirki zamanyň ähli kommunikasiýa we multimedia tehnologiýalaryny ele alan işgärleriň we hünärmenleriň täze neslini taýýarlamaga aýratyn üns bereris.
Adamzat paýhasynyň gazanan häzirki zaman ösüşiniň iň çylşyrymly wezipelerini çözmäge ukyply, ösen maglumatlar jemgyýeti boljak biziň ýurdumyzyň geljegi şol adamlara bagly bolar.
Biz öz öňümizde ykdysady strategiýamyzyň ähli tebigy-geografik we durmuş-psihologik aýratynlyklaryna laýyk gelýän anyk wezipeleri goýýarys.
Biz ýurdumyzyň ähli mineral-çig mal serişdelerini adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdireris, oba hojalyk, senagat hem-de nebitgaz önümleriniň doly möçberde gaýtadan işlenmegini gazanarys.
Oba hojalyk pudagynda biz öri meýdanlarynda bakylýan maldarçylykdan ähli öňdebaryjy enjamlar, awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar bilen üpjün edilen maldarçylyk hojalyklaryna geçeris.
Ýurdumyzda ekinleriň täze, ýokary hasyl berýän görnüşlerini döretmegiň, şeýle hem ýyladyşhana hojalyklaryny giňden ornaşdyrmagyň netijesinde, ekerançylyk pudagy täze derejä göteriler.
Köpugurly suwaryş ulgamynyň ornaşdyrylmagy we suwarymly ekerançylygyň köp asyrlyk tejribesi bize oba hojalyk pudagyny suw bilen üpjün etmek meselesini doly çözmäge mümkinçilik berer. Biz ekerançylyk pudagyny ösdürmek arkaly, diňe bir ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa miwe we gök-bakja önümleriniň daşary ýurtlara köp möçberlerde iberilmegine hem garaşýarys.
Ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan energetika pudagy barada aýdylanda bolsa, bu ugurda iri nebitgaz ýataklaryny gözlemek we işe girizmek, «mawy ýangyjy» dünýä bazarlaryna ibermek wezipesinden ugur alyp, biz gaz geçiriji ulgamlary mundan beýläk-de ösdürmegi, uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işlemegi we benzin, polipropilen, suwuklandyrylan gaz, nebit önümleri ýaly dünýäde köp isleg bildirilýän ýokary hilli dürli önümleri öndürmegi göz öňünde tutýarys.
Men ýygy-ýygydan ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, adamlar bilen duşuşyp duramsoň, olaryň ýaşaýşy we durmuşy bilen bagly iň möhüm meseleleri oňat bilýärin.
Ýurdumyzyň her bir sebitinde, her bir aýratyn etrapda, şäherde we obada raýatlarymyz üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek biziň esasy üns berýän wezipämiz bolupdy we geljekde hem şeýle bolmagynda galar.

Bu wezipeler, esasan hem:

– ilatymyzyň girdejilerini yzygiderli artdyrmakdan;
– aýlyk zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny, kömek pullaryny köpeltmekden, ýaşaýyş-durmuş taýdan berilýän ýeňillikleri geljekde hem saklap galmakdan;
– ähli amatlyklary bolan, has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny, bilim, sport, şypahana-bejeriş, sagaldyş we saglyk merkezlerini, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmakdan;
– maşgalany maddy taýdan goldamakdan ybaratdyr.
Biziň halkymyz maşgala we çagalara, berk bedenli, sagdyn we arassa ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge hemaýat edýän maşgala däplerine aýratyn ähmiýet berýär.
Şonuň üçin hem, men 2012-nji ýylda her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen serişdeleri has köp möçberde goýbermegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Bu bolsa, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak meselesini mundan beýläk-de üstünlikli çözmäge ýardam berer.

Hormatly watandaşlar!

Biz öz ýurdumyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagy dowam ederis. Eziz Diýarymyzda täze-täze etraplar dörär, ýaşaýyş toplumlary, mekdepler, hassahanalar, muzeýler we stadionlar gurlar. Biziň ýurdumyz häzirki döwürde ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Nesip bolsa, ýene-de az wagtdan şäherlerimizde we obalarymyzda täze-täze desgalaryň we binalaryň gurluşygy has güýçli depginler bilen alnyp barlar. Netijede, gözel görke giren şäherlerimizde we obalarymyzda hem adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ähli oňaýly şertler dörediler.
Biz sözüň doly manysynda, medeniýetimizi ösdürmegi we jemgyýetimiziň durmuşyna giňden ornaşdyrmagy hem dowam ederis. Türkmeniň ýurdy ähli döwürlerde hem milli möçberdäki ýiti zehinlere baý bolan mekandyr. Biz hemişe halkymyzyň gözellige bolan söýgüsini we islegini hemmetaraplaýyn höweslendirmäge çalşarys.
Ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek, sagaldyş-şypahana ulgamyny özgertmek hem geljekde döwletimizde alnyp barylýan işleriň möhüm ugularynyň biri bolar!
Häzirki wagtda Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek bilen bagly iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işler güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Bu ýerde ajaýyp, owadan myhmanhanalar, ähli amatlyklary bolan sagaldyş merkezleri yzygiderli gurulýar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy biziň häzirki döwürde amala aşyrýan iri möçberli we örän uly ähmiýet berýän taslamalarymyzyň biridir.
Ýurdumyza gelýän girdejileri artdyrmaga mümkinçilik berjek bu taslama daşky gurşawy we tebigaty goramak boýunça çäreleri hem öz içine alýar.
Biz jemgyýetimiziň syýasy ulgamyny hem kämilleşdirmelidiris, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýeti pugtalandyrmalydyrys, jemgyýetçilik institutlaryny mundan beýläk-de demokratiýa ýoly bilen ösdürmelidiris. Sebäbi, häzirki döwürde jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşmeleriniň işini täzeçe guramak zerurlygy ýüze çykdy. Bu guramalaryň geljekde alyp barjak işleri we kabul edýän çözgütleri döwrüň talaplaryna, döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynyň wezipelerine we biziň alyp barýan syýasatymyza laýyk gelmelidir.
Halkymyz bilen, ýaşulularymyz bilen maslahatlaşyp, dogry çözgütleri gözlemek we kabul etmek bize ata-babalarymyzdan galan iň beýik demokratik mirasymyzdyr, biz bu mirasy syýasy tejribämizde geljekde hem ulanarys.
Biz ýurdumyzy demokratiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerimizde raýat jemgyýetiniň guramalaryna aýratyn ähmiýet berýäris. Bu guramalaryň işini talaba laýyk ýola goýmazdan, döwletimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagy göz öňüne getirmek hem kyndyr.
Bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin biziň ýurdumyzda ýokary syýasy erkiň hem, düýpli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň hem bardygyny bellemek möhümdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň mundan beýläk-de öňe gitmegine we gülläp ösmegine ýardam bermek bilen, ýurdumyzyň raýatlarynyň jemgyýetçilik birleşmelerini döretmäge bolan hukugyny amala aşyrmagynyň baş kepili bolup durýar.
Mundan başga-da, Esasy kanunymyzyň 10-njy maddasynda telekeçiligiň, kiçi we orta işewürligiň ösmegine döwlet tarapyndan ýardam berilýändigi bellenýär. Bu ugurda biz anyk işleri, şol sanda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, salgyt we maýa goýum şertlerini ýeňilleşdirmek boýunça zerur işleri amala aşyrdyk.
Biz geljekde hem ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz bölegini çalt depginler bilen ösdürmegi, ýokary tehnologiýaly, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply hususy telekeçiligiň döremegine ýardam bermegi göz öňünde tutýarys. Şeýle hem, oba hojalygynda hususy telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegi maksat edinýäris.
Ýurdumyzda eýýäm öz düzüminde senagatçylary we telekeçileri birleşdirýän, telekeçiligi ösdürmäge işjeň ýardam berýän jemgyýetçilik guramasy hereket edýär we onuň bu ugurda gowy tejribesi bar.
Soňky ýyllarda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem onuň çäklerinden daşarda hem uly abraýa eýe boldy. Bu Birleşmäniň öz döwrebap işewürlik toplumy, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky we üstünlikli işleýän ilkinji hususy neşiri – «Rysgal» gazeti bar.
Raýat jemgyýetine mahsus bolan jemgyýetçilik guramalaryny döwlet gurluşynyň wezipelerini çözmekde, ilkinji nobatda bolsa, ýaşaýyş-durmuş syýasatyny amala aşyrmakda ygtybarly hyzmatdaş hasap edýändigimizi ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin.
Demokratik institutlary ösdürmek ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna raýatlaryň işjeň gatnaşmagynyň möhüm şerti bolup durýar, bu bolsa adamlaryň raýatlyk medeniýetiniň kemala gelmegine we ösmegine ýardam bermekde örän möhüm ähmiýete eýedir.
Jemgyýetçilik ynamy, raýatlaryň işjeňligi, arkalaşykly işlemek, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak diňe bir raýat jemgyýetiniň jebisleşmeginiň esasy şertleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem hakyky halk häkimiýetiniň berkarar bolmagynyň hem zerur şertleri bolup durýar.
Men şeýle hem, Türkmen döwletiniň demokratik ýol bilen ösüşiniň täze tapgyrynda saýlawly ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň – welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň işiniň netijeliligini artdyrmagyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň – geňeşleriň jemgyýetçilik - syýasy ulgamdaky ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellemek isleýärin.
Ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň netijeli işlemegi serişdeleriň adalatly paýlanmagyna we durnukly artdyrylmagyna, telekeçiligiň ösmegine, dolandyryş ulgamyna raýat jemgyýetiniň has işjeň gatnaşmagyna ýardam berýär.
Şonuň bilen baglylykda, men ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hukuk ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, döwlete degişli ygtyýarlyklaryň bir bölegini olara bermegiň wagty ýetdi diýip hasap edýärin.
Şeýle hem biz ýurdumyzda täze partiýalary döretmek we garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini talaba laýyk guramak ugrunda çykyş edýäris.
Ýöne bize halkymyzy jebisleşdirjek, adamlary berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrjak partiýalaryň zerurdygyny bellemek isleýärin.
Biz halkara terrorçylygyna, ekstremize, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreşi halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly dowam ederis.
Ýurdumyzyň Harby doktrinasy goranmak häsiýetlidir, ýöne bu biziň döwletimiziň harby ugurda iň täze gazanylan üstünliklerden çetde durjakdygyny aňlatmaýar.
Biziň halkymyza mahsus bolan watançylyk, Watany söýmek duýgulary häzirki zaman ýörelgelerine we talaplaryna laýyklykda özgerdilýän Ýaragly Güýçlerimizde gulluk edýän, ýurdumyzyň çäkleriniň bitewüligini we özygtyýarlylygyny goraýan harby gullukçylarymyzyň hünär endiklerine hem ornaşdyrylýar.
Milli goşunymyz, harby-deňiz güýçlerimiz, serhet goşunlarymyz, hukuk goraýjy edaralarymyz, şeýle hem olary häzirki zaman ýaraglary bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak Hökümetimiziň hemişe üns berýän ugurlary bolar.
Biziň Watanymyz – adamlar üçin we adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna berkarar edilen döwletdir. Şeýle ajaýyp ýurdumyzda şahsyýetiň ähli hukuklary doly berjaý edilýär we geljekde hem üýtgewsiz berjaý ediler, adamyň mertebesine hormat goýlar, onuň zehinine, başarnygyna we hünär ussatlygyna ýokary baha berler, şahsyýetiň erkin ösmegi, öz ukybyny we başarnygyny amala aşyrmagy üçin ähli amatly şertler dörediler.
Hormatly watandaşlar!
Men öz mähriban halkymyň öňündäki borjumy ýurdumyzyň raýatlarynyň abadan we parahat durmuşda, geljegine ynamly bolup ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmekde, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmakda, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmeginde görýärin. Berkarar Watanymyzyň aýdyň geljegine barýan bu ýolda meniň esasy daýanjym mähriban halkym bolar!
Biziň bilelikde, agzybirlikde we jebislikde amala aşyrjak işlerimiziň netijesinde ýokary derejede ösen häzirki zaman maglumatlar jemgyýetini döretmek we kuwwatly döwleti gurmak baradaky ähli arzuwlarymyzy we maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyryp, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretjekdigimize men pugta ynanýaryn!
Üns berip diňläniňiz üçin, sag boluň!
Sözümiň ahyrynda men ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maňa berlen wagty Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär beýleki adamlara bermegi Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topardan haýyş edýärin.

Sag boluň!
Türkmen Döwlet habarlar gullugy

No comments:

Post a Comment