Bazar Amanow |
Zaman Gazyeti: Sungata her
hili ýol bilen gelinýär. Ýöne şol ýollar nähili bolanda-da, onuň içinde
ýeňili ýok. Sungatyň ýoly çarkandakly ýol. Türkmen teatr sungatynyň
binýadyny tutmakda zehinini, yhlasyny gaýgyrman, köp hyzmat eden
läheňleriň biri hakda makala ýazmaga girişenimde uly tolgunmany başdan
geçirdim, sebäbi ol halypalaryň halypasy bolanlaryň biri, entek
ýörelmedik ýoldan ýöränleriň biri.
Sungat çynarynyň parlap çykan bir şahasy
bolan teatr sungatynyň baryp şo-ol ýyllar türkmen topragynda pyntyk
ýarmagyna, ese-boýa galmagyna, kämilleşmegine özüniň zehinini, yhlasyny
arman-ýadaman sarp edenleriň biri hem SSSR-iň, Türkmenistanyň halk
artisti Bazar Amanowdyr....
Bazar Amanow 1908-nji ýylyň Magtymguly
aýynyň 5-ine Tejen etrabynda garyp daýhan maşgalasynda dogulýar. Bazar
Amanow ene-atadan ir mahrum bolupdyr. Ol ilki Tejen internatynda, soňra
bolsa Mary internatynda terbiýelenýär.
1924-nji ýylda partiýa
mekdebinde bilim alýar, 1926-njy ýylda bolsa Türkmenistanda açylan
ilkinji teatr studiýasyna okuwa girip, şol studiýany 1929-njy ýylda
tamamlaýar.
1929-njy ýylda Türkmen döwlet drama teatry açylýar we
Bazar Amanow ilkinjileriň biri bolup şol teatrda işe başlaýar. Ussat
aktýor ömrüniň ahyryna çenli teatr sahnasynda 150-den gowrak dürli
häsiýetli keşpleri döredip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp
boldy. Olardan “Jahanda” Şahyryň, “Keýmir körde” Nedir şanyň, “Çopan
oglunda” Nepesiň, “Huýrlukga-Hemrada” Hysrow şanyň, “Aýgytly ädimde”
Gully hanyň, “Otelloda” Ýagonyň keşplerini görkezse bolar.
Deň-duş
bolmasak-da, maňa bu beýik ussady sahnada, durmuşda ençeme gezek içgin
synlamak miýesser etdi. Şonda meniň hakydamda galşyna görä, Bazar aga
mydama gözlegdedi, täzelige ymtylýardy. Şonuň üçin onuň döredijiliginiň
özboluşlylygy hemmäni özüne çekýärdi, geň galdyrýardy.
Ussat
halypa türkmen sahnasynda diňe aktýor hökmünde däl, eýsem, tanymal
dramaturg hökmünde hem bellidir. Onuň ilkinji drama eseri Hojanepes
Çaryýew bilen bilelikde Mollanepesiň “Zöhre we Tahyr” dessanynyň
esasynda ýazylandyr. Şeýlelikde, türkmen sahnasynda Bazar Amanowyň
teklibi bilen ilkinji sazly drama goýulýar. Bazar Amanow şeýle hem
“Keýmir kör” (Garaja Burunow bilen bilelikde), “Kemine”, “Soltan
Sanjar”, “Aýazhan”, “Hazynalar adasy” we başga-da birnäçe pýesalaryň
awtorydyr.
Bazar Amanowyň her bir ýazan drama eseri, döreden keşbi
sungaty söýüjilerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Onuň taryhy temadan
ýazan “Hazynalar adasy” spektakly hem täze durmuşyň, täze dünýäniň
hakykatyny ykrar edýän hyjuwly göreşlere, töwekgel gözleglere baý. Bazar
Amanowyň ýazan “Keýmir kör” eserinde hem beýik adamkärçilige,
pähim-paýhasa uly orun berilýär. Ol Keýmir serdaryň keşbinde has aýdyň
ýüze çykýar. Keýmir serdar spektaklyň başynda özüniň serdardygyny
nygtap, halkdan saýlanyp duranok. Ol diňe halk bilen bagrynyň
badaşandygyny tomaşaça aýan edýär. Özüni akylly, köp bilýän edip
görkezjek bolmaýar. Şeýlelikde, Bazar Amanow öz halal zähmeti,
yhlaslylygy bilen bize nusga boldy.
Beýik ussat diňe teatr
sungatynda däl, eýsem kino sungatynda hem ajaýyp keşpleri döretdi.
Türkmen filmlerinden “Prokurorda” Sapar baýyň, “Aýnada” Esen baýyň,
„Çopan oglunda” Nepesiň keşplerini janlandyrdy. Uly halypanyň teatrda,
kinoda döreden keşpleri öz milliligi, öz topragynyň dilinde sözläp
bilýändigi bilen tapawutlanýardy.
Bazar aga sözüň doly manysynda
uly aktýordy, režissýordy, dramaturgdy. Uly halypanyň zähmetine mynasyp
baha berilýär. Ol üç gezek orden, Hormat hatlary bilen sylaglandy.
Bazar
Amanow Alty Garlyýew, Aman Gulmämmedow, Garaja Burunow, Sona Myradowa,
Suraý Myradowa, Sabyr Ataýewa, Aman Gurbandurdyýew, Gylyç Berdiýew ýaly
meşhur aktýorlar, ýazyjy-terjimeçiler bilen egin-egne berip işleşen
halypady. Ömrüniň ahyryna çenli milli sungatymyzyň “ody bilen girip,
küli bilen çykan”, teatr sungatynyň ilkinji kerpijini goýmaga gatnaşan,
soňra-da onuň kök urmagyna, çynar ýaly ösmegine uly tekge beren
halypanyň şu ýyl 100 ýyllyk ýubileýi geçirilýär.
Häzirki Beýik Galkynyşlar zamanamyzda uly halypalary ýatlap, olaryň mertebesini ýokary galdyrmaga giň ýol açyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýýär: “Biz öz
medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza
guwanmaga haklydyrys.”
Şu çaplanja ýazgymyzy ýazmak bilen
mertebeli ynsany hormatlap, uly ussady ýatlap, ol hakda eşiden, okan
maglumatlarymyzy okyjylara ýetirmegi maksat edindim. Çünki ýagşyny
ýatlamak hemmämiz üçin parzdyr.
Şahyr aýtmyşlaýyn:
-Ile hyzmat eden ilden alkyşa,
Hormata, sylaga
bolsun tamaly,
Halkynyň kalbynda
görelde bolup,
Ýaşap ýör türkmeniň
Bazar Amany.
Gurbannazar Hojagulyýew, taryh ylymlarynyň kandidaty.
No comments:
Post a Comment