Tuesday, December 04, 2012

Belkys ýa-da beýleki ady bilen Zeugma barasynda gysgaça bir bakyş

Anadolynyń gysga taryhy

Anadolynyń gysga taryhy22
Anadoly topraklary üstünde ýaşap geçen medeniýetleriń biziń günlerimize çenli gelip ýeten gadymy şäherler jennetidir. Tapgyrlaýyn gepleşigimiziń bu sanynda size şol baý medeniýetiń bir bölegi bolan, mozaikalary bilen meşhurlygyny biziń günlerimize çenli dowam etdiren Belkys ýa-da beýleki ady bilen Zeugma barsynda gürrüń bermek isleýaris.
Zeugma häzirki wagtda Gaziantep welaýatynyń Nizip etrabynyń 10 km gündogarynda, Birejik bendiniń kenarynda, täze Belkys obasynyń golaýynda, ýedi depäniń üstünde ýerleşýän gadymy şäher. Kommagen sebitiniń esasy şäherlerinden biri we 21 müń gekdara golaý meýdana eýe. Zeugma barasynda Strabon, Plinius ýaly köp sanly awtor ýazypdyr.
Beýik İslenderiń generallaryndan biri bolan Selewkos Nikator 1-nji 300-nji ýylda İskenderiń Ýefratdan geçen ýerinde, öz ady bilen Ýefradyń adyny birleşdirip, Ýefrat Seleukeiasy atly gadymy şäher gurdurypdyr. Şol şäheriń gündogar tarapyndan bolsa aýaly Apameianyń adyna ikinji bir şäher gurup, şäherleri köpri arkaly bir-birine birikdiripdir. Kommagen şasy Kallinikos 1-njiniń Selewkos şasynyń kyzy Leodikäniń ogly Antiokos 1-nji şol şäheriń girdejisi bilen Nemrut dagyndaky heýkelleri ýasadypdyr. 40 ýyla golaý Kommagenäniń 4 sany merkezinden biri bolan şäher b.e.ozalky 64-nji ýylda Rim imperiýasyna birleşdirilip, ady geçelge, köpri manysyny ańladýan “Zeugma” hökmünde üýtgedilipdir. Şäher, Ýefrat derýasynyń günbatar kenarynda Ýefrat derýasynyń iń saý ýerinde gurulandygy we hakykatdan hem köpri pozisiýasyny eýeländigi üçin şol ada eýe bolupdyr diýlen çaklamalar bar. Rim döwründe şäher iń baý döwrüni başdan geçiripdir. Rimliler şäheri baza hökmünde ulanypdyrlar we esasy rysarlaryny şol ýerde ornaşdyrypdyr. Şäher harby baza bolmak bilen birlikde gündogardan gelen we Antioçea ýagny häzirki Hataý welaýatyna barýan söwda ýolunyń ugrunda ýerleşmegi sebäpli hem esasy söwda merkezine öwrülip, gysga möhletde baýapdyr.
Zeugma b.e.ozalky 1-nji asyrda Kommagen sebitiniń esasy şäherlerinden birine öwrülipdir. Şäherdä köp sanly Rim gubernatory onuń esasy alamatlaryndan biridir. Antakýadan Hytaýa çenli uzap giden taryhy Ýüpek ýoly Zeugmanyń üstünden geçipdir. Uzak Gündogardan getirilen ýüpek, hoşboý ysly otlar we gymmatly daşlar Zeugma gümrüginden geçip, Zeugmanyń agorasynda täjirlere satylypdyr. Gazuw-agtaryş işleriniń dowamynda tapylan şäheriń arhiwiniń otagynda ilkidurmuş obşinasynyń esasy galyndylaryndan biri kabul edilýän 65 müńe golaý möhür neşir tapylypdyr. Şol tapyndylar gadymy Zeugma şäheriniń aragatnaşykdaky we söwdadaky esasy subutnamalarydyr. Möhür neşirli hatlarda, notarial namalarda, pul haltalarynyń we gümrük gaplarynyń möhürlenmeginden peýdalanylypdyr. Bulla atlandyrylan şol möhür neşirler dünýäniń esasy möhür kolleksiýasydyr.
Biziń eýýamymyzyń 256-njy ýylynda Sasani şasy Şapur 1-nji Zeugmany alyp, ýykyp-ýumurypdyr. Soń bolsa şäher ýer titremesinde haraba öwrülipdir. İne şondan soń Zeugma ozalky şanyna eýe bolup bilmändir. Zeugma 5-6-njy asyrlarda Wizantiýanyń häkmiýeti astyna giripdir. 7-nji syrda arap hüjümleriniń netijesinde halky tarapyndan terk edilipdir. 9-12-nji asyrlaryń arasynda musulmanlar ýerleşmäge başlapdyr. 17-nji asyrda bolsa golaýyndaky Belkys obasy gurulypdyr. Zeugmanyń Ýefradyń kenaryndan kiçi alańlar we eńnitler bilen bir-birine sepleşýän görnüşde 300 metr beýgelýän akropolonyń depesinden täjirleriń we şäheriń goragçysy Tyke ybadathanasy bar ekeni. Töwerekdäki düzlüklere ýokardan seredýän şol depe, şol bir wagtda Zeugmanyń beýikligini we kaşańlygyny hem görkezipdir. Şol ybadathana Zeugmanyń öz basan zikkelerinde suratlandyrylypdyr. Şäheriń demirgazygynda, ýeriń aşagynda agyra, adion we hammam ýaly resmi binalar, günbatarynda teatr, harby düşelge, demirgazyk günbatarynda atelýeler, gündogarynda bolsa willalaryń ýerleşen terassalary bar ekeni. Zeugma şäheriniń suwy şäheriń 10 km günbataryndaky daglardan getirilip, kanal, laý turbalar we şońa meńzeş suw ýaplary arkaly şäheriń içine paýlanypdyr. Her öýüń iki sany howdany bolupdyr. Peýdalanylan suw lagym kanallary arkaly galareýa görnüşli hapa suw kanallaryna birikdirilipdir. Gysgaça aýdylanda Zeugmanyń birkemsiz suw ulgamy we infrastrukturasy bar ekeni.
Mozaikalary bilen meşhur bolan şäherde öýleriń, ortasy sütünli howlynyń töwereginde ýerleşýän otaglary bolupdyr. Otaglaryň demir gözenekli we aýnaly giń penjireleri şol howla seredýär ekeni. Otaglaryń içem ine şol usul bilen ýagtyldylypdyr. Öýleriň poly mozaika, diwarlar freskler bilen bezelen, otaglar mebel, heýkel we şońa meńzeş bezeg goşlary bilen gurşalypdyr. Zeugmaly mozaika ussalary Ýefrat derýasyndan ýygnan daşlaryny 8-10 mm göwrüminde, kubik görnüşinde kesip, şol meşhur mozaikalaryny ýasapdyrlar. Açyk gök, açyk we goýy ýaşyl, mämişi reńklerde bolan şol daşlary tapman halatlarynda bolsa şol reńkleri aýna kubikler arkaly ýüze çykarypdyrlar. Şäher mozaika, heýkeltaraş we beýleki emelihaşam sungady bilen gyzyklanan ussalary bilen meşhurlyk gazanypdyr. Zeugma şol meşhurlygyny henizem gorap saklamaga dowam edýär. 

 

No comments:

Post a Comment