Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýy ýylsaýyn belende göterilýär.
Milli Liderimiziň ägirt uly tagallalary netijesinde ýurdumuzda daşary ýurt maýadarlarynyň, işewürleriniň
gatnaşmaklarynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletimizde syýahatçylygy ösdürmek babatynda orta
atylýan taslamalaryň ägirt uly möçberlerde ýerine ýetirilmegi hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň
mäkämdigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen golaýda Türkmenistanyň Syýahatçylyk
baradaky döwlet komitetiniň döredilmegi-de ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmeklige aýratyn üns berilýändigine
şaýatlyk edýändir.
Türkmenistanda toplumlaýyn innowasion häsiýete eýe bolan syýahatçylygy ösdürmek
milli ykdysadyýetimizde ileri tutylýan ugurdur. Şol sebäpli, hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda ýurtda
syýahatçylygy giňden ösdürmek, tebigatyň täsin ýerlerini syýahatçylykda giňden peýdalanmak bilen, ony milli
ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň berkitmegine gönükdirmek üçin ençeme işleri amala aşyrdy.Ýurdumyzyň gözel ýerlerine
dünýäniň jahankeşdeleriniň dynç almagyny guramak üçin ägirt uly işler geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, awgust aýynyň 11-inde hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň “Serdar” myhmanhanasynda “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagyny gurmagyň nobatdaky desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz dynç almaga
gelýänleriň, aýratynam, çagalaryň öz wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin akwaparky we okeanariumy gurmagyň
taslamasy özünde innowasion maksatlary, öňde baryjy tehnologiýalary jemlemelidir diýip belledi. Bu taslama
durmuşa geçirilende, dynç alýan myhmanlar we çagalar, olaryň ene-atalary deňiz çuňluklarynyň täsin jandarlary bilen
duşuşarlar. Bu ajaýyp suwasty görnüşler olarda uly kanagatlanma duýgularyny döreder. Hormatly Prezidentimiz
Awazanyň çäginde gurulýan desgalaryň iň häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilmelidigini we olaryň
bezeglerine üns berilmelidigini belledi. Bu ýerde gök zolaklary döretmek, medeni güýmenje merkezlerini gurmak
bilen bir hatarda köp ugurly dynç alyş merkezleri hem gurlar.
Awazada Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy, ýurdumyzyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet
komiteti dynç alyş merkeziniň, myhmanhanalaryň gurluşygyny alyp barýar. Bu ýerde Aşgabat şäheriniň
häkimliginiň 12 kotteji bolan merkezi dynç alyş merkezi, Türkmenistanyň maliýe ykdysady ulgamynyň we Daşary işler
ministrliginiň işgärlerine niýetlenen 2 gatly 10 kotteji özünde jemleýän şypahana şäherjigi, Türkmenistanyň
Medeniýet ministrliginiň hem-de “Türkmennebitgazgurluşyk” konserniniň kottejleri gurulýar. Şeýle-de, bu ýerde sergi
köşgüni, söwda we işewürlik merkezlerini, ýurdumyzyň welaýatlarynyň her haýsy üçin ululara we çagalara
niýetlenen 300 orunlyk häzirkizaman sagaldyş merkezlerini gurmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.Milli Liderimiz ähli derejedäki geçirýän maslahatlarynda deňiz ýakasynda dünýä derejeli şypahana ulgamyny döretmek boýunça taslamanyň aýratyn ähmiýete eýedigini we onuň baş maksady baý tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanmagyny üpjün etmekden, ýurdumyzyň üstaşyr ulag we syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdygyny belläp geçýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de köp ugurly ösdürmegini we dürli ulgamlardaky halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegini şertlendirer.
Dogrudan-da, ýurt Baştutanymyzyň Hazar deňziniň gündogar kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny yglan etmegi bilen, gysga wagtyň içinde deňziň ekologiýa taýdan arassa kenary tanalmaz derejede özgerdi. Sanlyja ýyllaryň içinde gurlan dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalar görenleri haýrana goýýar. “Hazyna”, “Watançy”, “Çarlak”, “Nebitçi”, “Kuwwat”, “Kerwen” myhmanhanalary şeýle-de “Arzuw”, “Daýanç” çagalar we uly adamlar üçin niýetlenen dynç alyş merkezleri, uzynlygy 7 kilometr bolan gämi gatnawly ajaýyp derýa, innowasion deňiz çüwdürimleri, täze halkara howa menzili, döwrebaplaşan Türkmenbaşy halkara deňiz menziliniň şeýle az wagtyň dowamynda açylyp, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň güýçli depginde ösýändigini görkezýär. Iýul aýynyň başynda hut hormatly Prezidentimiziň özüniň gatnaşmagynda Awazanyň gözelligine gözellik goşýan ýene-de birnäçe binalaryň açylyş dabarasy bolup geçdi. Olar Türkmenistanyň dokma senagaty we söwda toplumynyň 250 orunlyk “Bereket” oteli we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kottejler toplumydyr. Bu täze binalarda hem adamlaryň dynç almagy, wagtlaryny hoş geçirmegi, saglygyny berkitmegi üçin dünýä ülňülere laýyk gelýän ähli amatly şertler döredilendir. Hazar deňziniň gözelleşen kenary daşary ýurtlularyň höwes bilen dynç alýan mekanyna öwrüldi. Şeýle-de bu ýer-de dynç alýan myhmanlar üçin gyzykly gezelençler, gämili aýlawlar, konsertler, sport bäsleşikleri, oýunlar, gyzykly çäreler uly şowhun bilen geçirilýär. Her ýyl dürli ýurtlardan gelýän çagalar hem bu ajaýyp ýerde dynç alýarlar. Dynç almaga we halkara çagalar festiwalyna gatnaşmaga gelen wekiller, şol sanda düýn öz işini tamamlan “Awaza-12”atly halkara sergisine, sungat festiwalyna we ylmy maslahata gatnaşyjylar halkymyzyň, şol sanda ýaş neslimiziň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýandygynyň şaýady bolýarlar.
Munuň özi ynsan bähbitlerini ähli zatdan ileri tutýan milli Liderimiziň, ýylsaýyn gülläp ösýän Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki abraýyny has belende göterýär.
No comments:
Post a Comment