Sunday, December 23, 2007

T A R Y H - - - - تـــا ر یـــخ

MERW HAKYNDA TƏZE ROWAYAT
Gadym zamanlarda Tahmures diýen bir adyl patyşa bolupmyş. Onuň dünýe mülkünde ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Onuň adyna Gülaýym diýer ekenler. Günden goralyp, ýelden ýelpelip ösdürilen bu şa gyzy akyllydan bir görmegeý gyz bolup ýetişipdir.Günleriň birinde, şa gyzy Gülaýym gyzyň juwan göwni galanyň dört diwaryna sygman uzaklyga seýil etmekligi küýsäpdir.…Azyndan kyrk günlük ýol şaýyny tutan Gülaýym gyz kenizleri bilen ýola rowana bolupdyr.Göterme tagtyň üstünde aý ýaly bolup oturan ýerinden daş-töweregindäki gözellikleri synlap barýan şa gyzyny ýadawlyk basmarlaýandygyny aňan baş keniz Gülragna:- Bikäm, galadan çykanymyza ýedi gün boldy, ýedi menzil ýol geçdik. Durnaň gözi ýaly dury suwly derýanyň kenaryna ýetdik. Bu ýerler bir ajap ýerler ekeni. Şu ýerde ymykly düşläp, dynjymyzy alaýsak niçik bolar!? – diýip, ýüzlenipdir.Onda Gülaýym şazada: ....Dowamy click!