Wednesday, May 30, 2007

Türkmenistan - Aşgabat -Parahat 1/2 68-nji jay


Ashgabat- Parahat1/2-dom-68

Aşgabat- Mir adin -عشق آباد - میر آدین

Monday, May 28, 2007

Dünyə meşhur bolan Türkmen halysy bu gün bayram etyər!


26 Magtymguly, 2007 18:46:00
Bugün ýurdumyzda Türkmen halkynyň gadymdan bäri gelýän haly sungady gutlanýar . Ençeme asyrlardan bäri dowam edip gelýän bu sungatda türkmeniň durmuşynyn, ajysyny-süýjüsini, şatlygyny-begenjini görmek bolýar. Dünýä belli türkmen halylaryna özleriniň ...[dowamy]
web Çeşmesi: Türkmen Press

Thursday, May 24, 2007

Prezident Berdimuhammedowyn ylmy kitaby neşir edildi


Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhammedowyň "Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslar" kitaby Ylym neşirýaty tarapyndan neşir edildi। Prezident Berdimuhammedow ýurdumyzda saglyk pudagyndaky ösüşleri we özgerişlikleri ylmy kitabynda giňişleýin ele alýar. Ylmy kitapda soňky 16 ýylda Garaşsyzlyk ýyllarymyzda Türkmen döwletindäki özgerişlikler suratlandyrma arkaly beýan edilýär. Kitapda ýurdumyzda gurlan saglyk merkezleri, anyklaýyş merkezleri we dürli görnüşdäki saglygy saklaýyş we goraýyş pudagynyň desgalary, enjamlary kitapda görkezilipdir. Saglygy saklaýyş pudagynda ençeme ýyllap işlän Döwlet Baştutany Berdimuhammedowyň bu kitaby saglyk okuwy mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda , şeýle hem bu pudakda işleýän işgärler tarapyndan möhüm bir çeşme hökmünde ulanylar.

Tuesday, May 22, 2007

Pyragynyn gubruny zyyarat etdiler.


Türkmenistandan wekilçilik topar Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň guburlaryny zyýarat etmek üçin Eýran Yslam Respublikasynda boldylar। Eýran türkmenleriniň ýaşaýan Gülüstan welaýatyna myhmançylyga baran wekilçilikli topar gadyr bilen garşylandy. Wekilçilikli topar eýranly türkmenlerimize ýurdumyzda bolup geçýän özgerişlikler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Pyragynyň we Azadynyň guburlarynyň başynda sadakalar berlip aýat-dogalar okaldy, we dünýeden öten beýik ynsanlarymyza iman baýlygy dilendi. Beýik şahyrlarymyzyň guburlarynyň başynda Türkmen döwletiniň mundan beýlägem gülläp ösmegi we halkymyzyň agzybirligi üçin dilegler edildi.Eýran türkmenleri hem ysnyşykly gatnaşyklaryň elmydama dowam etmegini arzuw edip, Türkmenistanyň halkara jemgyýetdäki abraýy bilen buýsanýandyklaryny mälim etdiler.
Dowamyny okamak üçin Şu yere click edin!

Monday, May 21, 2007

Orsyet Türkmenistan gatnaşyklary


ترکمنستان و اُورسیت غاتناشئقلاری حقئندا ترکمن پرس ماتریالی - کانادا - تورنتو
Baglanşykly Habarlar
yazan TurkmenPress yazylan wagty May 11,2007
yazan TurkmenPress yazylan wagty Apr 23,2007
yazan TurkmenPress yazylan wagty May 12,2007
yazan TurkmenPress yazylan wagty May 11,2007
yazan TurkmenPress yazylan wagty May 09,2007
Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar indi diňe taraplary gyzyklandyranok। Esasan hem energetika babatyndaky gatnaşykalary sebäpli beýleki döwletler, döwlet toparlary-da , şugünki günde bu gatnaşyklar bilen islese-de islemese-de gyzyklanmaga, yzgyderli syn etmäge, gerek wagtam täsirinde galmaga mejburdyrlar.Muňa Orsýet bilen Türkmenistan gatnaşyklaryny mysal görkezip bolar. Mälim bolşy ýaly, Orsýet Türkmenistandan arzan baha ummasyz mukdarda tebigy gaz alýar, bu gazyň belli bir mukdaryny özi ulanýar, başga bir bölüminem Ors tebigy gazy diýip beýleki döwletlere satýar.
dowamyny Şu yerde okap bilersiniz!Website çeşmesi =>Türkmenpress -ترکمن پرس Toronto - Canada -TÜRKMENS

Wednesday, May 16, 2007

II BAP. EÝRAN TÜRKMENLERINIÑ II-NJI JAHAN URŞUNDAN SOÑKY EDEBIÝATY

I. Eýran türkmenleriniň syýasy ýagdaýy.
H. Ownuk - Toronto - CanadaOktýabr rewolýusiýasyndan soň, Eýran türkmenleriniň taryhynda iki sany esasy syýasy waka bolup geçip, olar öz täsirini halk arasyndaky ruhy medeniýetine täsir ýetirip, olaryň häzirki edebiýatynda uly rol oýnaýar.
Ol wakalaryň birinjisi 1924-nji ýylyň 20-nji maýynda ähli türkmen taýpa-tireleriniň ýygnanyşyp geçiren Omçaly gurultaýyndan soň başlanan wakalardyr.

Wednesday, May 02, 2007

MAŞAT-MISSERIAN MINARASY => Read more


(1102-nji ýylyň minarasy)

Juma metjidine degişli diametri 8 metr bolan bu minara 20 metr belentlige çenli saklanypdyr. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu olaryň salnan wagtky beýikliginiň ýarysy bolmaly. Bu ymarat şertleýin Demirgazyk minarasy ýa-da Abu Jafar Ahmediň minarasy hem diýip atlandyrylýar. Ol köpçülikleýin ybadathana metjidiniňkidir. Minaranyň özünde inliligi 90 sm. töweregi bolan aýlawly merdiwan gurlupdyr. Merdiwanyň her bir basgançagynyň derejesinde minaranyň öz ýüzünde hem-de daýanç sütüninde 20 sm. töweregi çuňlukda çukur bar, bu bolsa kerbiçden edilen basgançaklaryň agajyň kömegi bilen bejerilenligine şaýatlyk edýär.
Minara kerpijiniuň nagyşly örülişiniň kämilligi bilen hem-de desganyň sütüniniň daşyna üç gezek aýlanan arap hatly lentasy bilen täsindir. Relýef ýazgylary kerpiçden kufa stilinde ýazylypdyr. M.Ý.Massonyň düşündirişine görä ortaky tekstde şeýle diýilýär: “Eziz keremli Allanyň hormatyna! Allanyň medetkärliginde! Rabadyň eýesi Aby-Japar Ahmet Abu-El-Agarra oglunyň buýruk berenliginden, goý ony Allah belent etsin! Aly Zyýadyň (oglunyň) işi”. Aşaky ýazuwyň soňlaýjy bölüminde metjidiň we minaranyň gurlan wagty hijriniň 495-nji ýyly ýa-da milady hasabyndan bolsa 1102-1103-nji ýyllar getirilipdir.

web çeşmesi: Türkmenistanyn Taryh Yadigərlikleri