Tuesday, July 15, 2008

Jüneýit Han kim?

Jüneýit Han

Yazan: Wepa Amandurdyyew
Wagty: 13/07/2008 12:34- Jüneýit Hanyñ hakyky ady Gurbanmämmet serdar bolup,ol 1862 nji ýylda häzirki Görogly etrabynyñ Bedirken obasynda dogulýar.onuñ kakasynyñ ady –Hajybaý bolupdyr. Jüneýit Han ýomutlaryñ orsukçy urugynyñ Jüneýit tiresinden- dir.Jüneýit Han bir näçe wagt öz obasynda kazy we mirap bolup işläpdir.20-nji asryñ başlarynda Hywa Hany patyşah hökümetiniñ goldawyna daýanyp,Türkmenleriñ üstünden berkitmek maksady bilen, olara agyr düşýän suw-ýer we salgyt reformasyny geçirmäge synanyşýar. Şonsyz hem patyşah hökümetiniñ kolonyýal syýasaty zerarli horluk baryn gören Türkmenler ýaraga ýapyşmaga mejbur bolýar.Türkmenleriñ şeýle agyr ýagdaýa düşmegi, Jüneýit Hany orta çykarýar.ilkibada ol özüniñ gowy ýaraglanan garyndaş toparlaryny töweregine jemläp,Serdar adyna mynasyp bolýar.Soñra ownukrak galtamanbaşlarynyñ serdarlaryñ birnäcesini özüne tabyn edýär,hatda,adalatyñ hatyrasy üçin özüniñ doganoglany-da öldürýär.Şeýle hereketleri bilen ol il arasynda adygyp ugraýar.öz tiresiniñ ady bilen baglanşykly ony Jüneýit Han diýip atlandyryp başlayarlar....
Sebäbi ol öz obasyndaky ilatyñ garyp ýa-da bay bolmazdan garamazdan,olaryñ ar-nam ys-hukugyny goramagy başarypdyr. Jüneýit Hanyñ adalatly taraplary barada ilat arasynda aýdylýan gürüñler köp.Şolaryñ birinde şeýle diýilyär : “Bir gün Jüneýit Hanyñ ýanyna ýumutlaryñ uşak ugryndan bir pukara gel-ipdir.Ol "6 ýyllap baýyñ dowaryny bakdym,keýwanym hem şolaryñ gapysynda hyzmat etdi,indem dogmamyz ýetişdi,öýli-işikli etmek üçin mal-teññe gerek diýsem,ýeñsesi bilen gepleşýär" diýip,Hana arz edipdir.Jüneýit Han :-Näme üçin öñräk gelmediñ?—diýipdir.Ol :hudaýlygym sözlesem,şol baý siziñ bilen gatnaşykly bolansoñ çekindim—diýip jogap berýär.Onda Jüneýit Han :--Özünden ejizi ynjydýan bolsa,iki gözümiñ birem bolsa,menden şoña eglişik bolmaz. Onda şeýdýäs,alty ýyllyk hakyñ üçin baý gyzyny seniñ ogluña berer.Häzir men seniñ üçin birküç adamy sawçylyga iberjek.Aýalyñ hyzmatynam öýüñe ýetip-ýetmänkäñ üzleşer ýaly ederin.Bu gürrüñe agzy uçuklan pukara zordan gürrüñini düşündiripdir.Ýöne Han gürrüñi çagalamandyr: Bar-da toý gamyñ bilen bolubyr,saña,täze guruljak ojaga gyýa göz bilen garamaga mylt etse, men şol baýa ärmämmet diýerin—diýipdir.1912-13nji ýyllarda Hiwa Hany patyşah hökümetiniñ kömek bermegi netijesinde Türkmen obalaryndaky gozgalañy basyp ýatyrmak üçin harby ýöriş geçirýär.Jüneýit Han bolsa Türkmenleri töweregine jemläp,olara garşylyk görkezýär.Indi Jüneýit Hany diñe Türkmenler däl,eýsem,Hiwa hökümetiniñ alyp barýan syýasatyndan nägile bolan Özbekler, garagalpaklar,gazaklar hem aktiw goldadylar.
Ol halkyñ bähbidini hiç bir zada çalyşmandyr.
1913nji ýylda Türkmenleriñ ýaraglanan topary 15 müñe ýetipdir.Türküstandan patyşah russiýasyny gysyp çykarmakda Jüneýit Hanyñ uly daýanç boljakdygyna käbir daşar ýürt hökümetleri hem oñat düşünipdirler. Dowamy - دوامی