Tuesday, January 29, 2008

Türkmen Internet Ulgamynda

تازه دن یولا قویولدی!ه Türkmenkultur ترکمن کولتور سایتی
Eziz Türkmen ildeşler!
Bilşiňiz ýaly edebiyat-we-sungat sahypasy internet – tehnik meseleleri babatda dogry işläp bilmedi Şonuň üçin we ýene-de sahypa-da uly möçberde Türkmen halkynyň medeniýetini tanadmak üçin öňki sahypaň adyny www.turkmenkultur.com üýdgedip öz işini dowam etdirýär.
Türkmen kultur sahypasyna hoş gelip , Siziň ýardymlaryňyza omitly bolup , Hoş geldiňiz
aýdýarys.

Monday, January 28, 2008

YKTYSADYYET - ا قــتــصـــا د یــّــت

HAZARÝAKA GAZ GEÇIRIJISI
TurkmenPress 03 Türkmenbaşy, 2008

Täze, 2008-nji ýyl täze iri möçberli taslamanyň—Hazarýaka gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmegiň başlanmagy bilen alamatlandyrylar. Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmekde, energetika ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde onuň iňňän möhüm ähmiýeti bardyr. Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýene bir energetika köprüsini döretmek, degişlilikde Hazaryň ýakasyndan geçýän gaz-transport ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak baradaky başlangyjyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçen ýylyň ýazynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-rus-gazak duşuşygynyň barşynda öňe sürülipdi. Hut şol ýerde, strategiki gaz ulgamynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyjuwlydyklaryny beýan edip, üç ýurduň liderleri Hazarýaka gaz geçirijisini gurmak barada Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň Bilelikdäki Beýanatyna, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde gaz geçiriji kuwwatlyklary ösdürmek baradaky Bilelikdäki Beýanata gol çekdiler, oňa Özbegistan hem goşuldy. ... D O W A M Y - دوامـــی

Monday, January 21, 2008

BILIM HABARLARY - - 2 - - بــیـــلـــیم خـــبـــرلاری

Aspirantura we doktoranturanyň kwotalary we şertleri belli boldy.
****
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda ylmy işgärleri taýýarlamak baradaky düzgünnamany tassyklaýan karara gol çekipdi.
Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda 2008-nji ýylda ýokary okuw jaýlaryna kabul ediljek ylmy işgärleriň kwotalary hem kesgitlendi. Şu ýyl uniwersitetlerimizde we institutlarymyzda 75 sany aspirantura talyby okuwa başlar.

BILIM HABARLARY - - 1 - - بــیـــلـــیم خـــبـــرلاری

Aspirantura we doktorantura baradaky karara Berdimuhamedow gol çekdi.
****

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda ylmy işgärleri taýýarlamak baradaky düzgünnamany tassyklaýan karara gol çekdi.
Türkmen Döwlet Habarlarynyň habar bermegine görä (TDH) düzgünnama esasynda 2008-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul etmegiň sanlary tassyklandy. Şeýle hem munuň bilen bilelikde alymlyk derejeleriniň we atlarynyň sanawy hem oňlandy.
Ýene-de düzgünnama esasynda kabul ediljek aspirantlara we kliniki ordinatorlara aýlyk haky hökmünde kiçi ylmy işgäriň iş haky möçberi kesgitlendi. Doktorantlara bolsa ylymlaryň kanditaty bolan uly ylmy işgäriň aýlyk iş haky möçberinde aýlyk bermek bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşe aspirantura we doktoranturalary bir aýyň dowamynda açmak üçin guramaçylyk işlerini geçirmek tabşyryldy. Kliniki ordinaturalary açmak baradaky guramaçylyk işi bolsa 1 aý möhlet bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tabşyryldy. Aspirantura, doktorantura synaglaryny Bilim Ministrliginiň taýýarlajakdygy mälim edildi.

Friday, January 18, 2008

MAGTYMGULY DÜÝPSİZ UMMAN


Ussatlarym
sag tarapda merhum Sapar Ensary(Ahally-a) sol tarapda Nur däde Aşyrpura!
Şahyryñ ady hem lakamy barada kelam agyz söz
Akmyrat Gürgenli
Taryh Ylymlaryñ kandidaty
Magtymguly diýmek näme? Bu arapça iki sözden ybarat. «Mahtum مختوم» arap dilinde tamamlanan, gutaran, hatym edilen, «gul» bolsa, gul, hyzmatkär. «y»(ی) goşulmasy-da parsça, eýelik düşümidir. onda Mahtumguly «tamam edicileriñ guly» diymek bolýar.
Eger ol Mahdum مخدوم bolsa, Mahdum Arapça hyzmatkär, gul manysynda, onda Magtymgulu «Gullar guly» boylar. Käbir daş basmalarda ol «Mähtemguly» محطم قلی görnüşinde-de ýazylypdyr. Bu sözüñ manysy anyk däl, ýöne Arapça «magsym ماغصیم » sözi-aslynda mä:su:m معصوم günäsiz, päk diymek. Şahyryñ öz golı bilen ýazan ýekeje sözi-de bize mälim bolmansoñ bu barada belli bir zat aýtmak mümkin däl, düşündirişler diñe çalkama bolup galyar.
Pyragy diýmek näme? Arapçada munuñ iki görnüşi, biri-birinden tapawutly iki dürli manysy bar, hem-de «y»(ی) goşulmasy eýelik düşümidir. Pyrag eger fera:g فارغ= asuda sözünden gelyän bolsa onda ol «dünyänden, bar aladadan boş adam adam manysynda. Bir ýerde:
Magtymguly adyñ döndi pyraga,
Paryg bolup, çek özüñi gyraga.
diýen setire gabat gelýäris.
Eger Pyragy fyra:g فراق = aýralyk, hijran manysynda bolsa onda şahyr, ýaryndan, doganlaryndan ýa-da atasy Azadydan aýrylany, daşlaşany sebäpli bu lakamy alan bolmaly. Munuñ-da aslynda nähili ýazylşyny bilmänimiz üçin belli bir zat aýtmakdan saklanýarys.
*******************************

Thursday, January 17, 2008

T A R Y H we E D E B Y A T - - - تــاریـخ و ادبــیّــات

MAGTYМGULYNYŇ DÖREDIJILIGINE GIRIZILEN GALPLAŞDYRМALAR BARADA\ Aşyrpur N.М
Professor Aşyrpur oz maşgalasy bilen
1123-nji nomer papkanyň syry MAGTYМGULYNYŇ DÖREDIJILIGINE GIRIZILEN GALPLAŞDYRМALAR BARADAD ünýä edеbiýatynyň tаryhyndа bоlşy ýaly türkmеn edеbiýatyndа-dа klаssyk şаhyrlаryň аtlаry bilеn bаglаnyşykly käbir gаlplаşdyrmаlаrа (fаlsifikаsiýa) ýol bеrlеndigini görmеk kyn däl. Munuň dürli sеbäplеri bаr. Kähаlаtdа bir şаhyr ýa-dа ýazyjy öz esеrini çаp etdirmägе mümkinçilik tаpаnоk, ýagny mеtbugаt оnuň esеrlеrini dürli оbýektiw ýa-dа subýеktiw sеbäplеrе görä nеşir etmеkdеn bоýun towlаýar. Şоndа оl şаhyr öz esеrini bаşgа bir «bаşаrjаň» owtоryň аdy bilеn çykаrdýar. Ýa-dа оlаry täzе bir klаssyk şаhyryň täzе tаpylаn Gоşgulаry hökmündе hödürlеýär. Мuňа mysаly dаşdаn gözlеmеli däl. Birnäçе ýyl mundаn оzаl frоntçy şаhyr Gurbаn Çaryýew (Gurbаn Wеhimi) özüniň ençеmе Gоşgulаryny gаzеt-žurnаllаr çаp etmänligi sеbäpli, göýä XIX аsyrdа ýaşаp gеçеn klаssyk şаhyr Wеhiminiň esеrlеri hökmündе Türkmеnistаn ylymlаr аkаdеmiýasynyň golýazmаlаr fоndunа tаbşyrýar.

Tuesday, January 15, 2008

B E Y A N N A M A - - - بــیــا ن نــــا مــــه

Article an English language
Daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmen Köpçiliginiñ Beýannamasy
Biz daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriñ bir topary bolup 2008-nji ýylyñ 6-njy ýanwarynda ýörite, Hesametdin Hadywaryñ, Deñzi Goraýan garawullary tarapyndan 2007-nji ýylyñ 27-nji dekabrynda öldürilmegine protest bildirip, Çapakly we Bendertürkmende bolan wakalar barada ýörite duşuşyk geçirip şeýle karara geldik:

Saturday, January 12, 2008

T A R Y H - - - - - - - تــــا ر یــــخ

GÖKDEPE GALASYNYÑ SYNMAGYNYÑ WE TÜRKMENISTANYÑ KOLONIAL GARAŞLYLYGA DÜŞMEGINIÑ ÝAS GÜNI
********
Gökdepe galasy 1881 ýylyñ 12-nji ýanwarynda weýran edilýär. General Lomakiniñ baştutanlygyndaky birinji çozuşlary şowsuz gutaran rus basybalyjylary bu masgaraçylykdan çykmak üçin 1880 ýylda ikinji gezek Türkmen topragyna çozup girýärler. Bu gezek rus goşunlaryna rus-türk urşunda agressivlikde we rehimsizlikde ýakasyny tanadan, şöhratparaz we gedem general Skobelev baştutan bellenilýär. Ol öz basybalyjy, ganhor patyşasynyñ ynamyny ödemek üçin hiç zatdan gaýtmajakdygyny entek Peterburgdaka belli edipdir. Döwürdeşleriniñ bellemegine görä, general Skobelev türkmenleriñ hemmesiniñ Gökdepe galasyna ýygnanyp, goranyş urşuny alyp barmaklaryny Hudaýdan diläpdir. Sebäbi ol ors goşunlarynyñ türkmenleriñkiden has gowy ýaraglananlygyny oñat bilipdir we uzaga atýan agyr toplaryny ulanmaga mümkinçilik alsalar, onda hökman ýeñjekdiklerine ikirjiñlenmändir. ...

Dowamy ... دوامـــی

SUNGAT ÖÝI ÝYKYLMAZ!

Türkmenistanyñ Prezidentine açyk hatHormatly Prezident!
Türkmeniñ söýgüli şahyry, söwer ogly Gurbannazar Eziziñ öýi, onuñ ýurt ýeri – halkyñ ýüreginde mukaddeslik derejesine eýe bolan ojakdyr. Türkmen ilinde muny bilmeýän ýa-da bu hakykaty inkär etjek tapylmaz. Sebäbi Gurbannazar Eziz öz döredijiligi bilen türkmeniñ göwnüni awlap, onuñ milli mertebesini bir gez beýgeltmegi başaran beýik şahyrdyr.

2008-01-10

Sunday, January 06, 2008

EÝRANYÑ ”DEÑIZ GORAGYNYÑ” GULLUKÇYLARY ADAM ÖLDÜRDILER

Türkmensährada edil Täze ýyl baýramynyñ öñ ýanynda Hazarda balykçylyk edip ýören türkmenleriñ üstüne Eýran ”Deñiz gorag” gullugynyñ gullukçylary bikanun hüjüm etdiler. ”Deñiz goragçylary” öz gün-güzerany üçin deñze çykan ýaş türkmen balykçylarynyñ üstünden öz motorly gaýygyny sürüp, balykçylaryñ biriniñ nähak ölümine sebäp boldular.

Eỳranda Türkmen ildeşlerimize bolan pajygaly wakalar barada

Täze ỳylyñ öñỳanynda 27.12.2007 dañdan irden Eỳran deñizi goraỳjy gulluklarynyñ kateri bilen Türkmen balykçylarynyñ gaỳyklary çakyşma netijesinde 19 ỳaşly milleti Türkmen bolan Hesammetdin Hydyver heläk bolypdyr.

Saturday, January 05, 2008

Eýranyň Çapaghly obasynda ýüze çykan hadisa…..



Golestan welaýatynda 18 ýaşynda bir balykçynyň, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilendigi habary, etrapda bolan halkyň gahar we gazabyna sebäp bolandygy habary berildi. Çapaghli obasynda, Hesameddin Hediwer adly balykçy, howpsyzlyk güýçleriniň uly gaýygy, balykçylaryň kiçi gaýygy bilen çakyşanmasynda, ölendigi barada maglumat berildi. Çapaghli, Hojanefes we Bender Türkmen şäherinden halk, 30 ulag bilen 60 motorsiklet bilen, Çapaghly obasynyň howpsuzlyk güýçleriniň edarasyna hüjüm edip binany oda berdiler. Gazapda bolan halk soňra Bender Türkmen häkimiýet binasyna gidip, binada bolan komputer we başga zatlara, bina zyýan berendigi barada maglumat berildi. Wakadan soňra Golestan welaýatynyň merkezinden,howpsuzlyk güýçleri (sepah pasdaran), Bender Türkmen şäherine girip, halkyň köçelere çykmalaryny gadagan yglan etdi. Ertir sagatlarynda, howpsuzlyk güýçleri, bir näçe kişiniň öýine hüjüm edip, bir näçe kişini tussag edendigi hakynda habar berildi.
Web Resource: Gybat

Wednesday, January 02, 2008

TÜRKMEN DIL FUNDUNYŇ DÜZGÜNNAMASY

TÜRKMEN DIL FUNDUNYŇ
DÜZGÜNNAMASY
(TÄJIRÇILIK DÄL GURAMA)(TASLAMA)
****

Dil adamzadyn aragatnashygynyň we pikir alyşmagynyň esasy guralydyr, onuň bütewligi we dyngysyz ösmegi, hakykatdan hem her bir halkyň diri galyp, ösmeginiň iň bir möhüm şertidir. Hut şu hakykatlary göz öňünde tutmak bilen 1999-njy ýylda UNESCO-nyň Baş konfrensiýasy tarapyndan her ýylyň 21-nji February „Halkara Ene Dili Güni“ diýlip yglan edildi.
Ene dilinde okamak we gürläp bilmek her ynsanyň tebigy hukugydyr şonuň üçin bu sene her ýyl bellenilip gelýär. Şeýlelikde, UNESCO her bir agyr şertlerde ýitip gitmek howpy bilen duş gelen dilleri goramagy öz borjy hasap edýänligini yglan etdi.