Saturday, February 23, 2008

Türkmenistandan Habar - - - - - - - - - - - - - - - - - - - تــرکــمــنـســتان دان خــبــر

Türkmenistan — Eýran:
dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkidilýär
TurkmenPress 05 Baýdak, 2008 21:03:09
******************
Düýn paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda däbe öwrülen medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Eýranyň çeperçilik we bezegçilik—amaly sungatynyň uly sergisi açyldy. Eýranda Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän bu çäräniň guramaçylary hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi we ýurdumyzyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi çykyş etdiler. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda ýerleşdirilen köpugurly ekspozisiýada Eýranyň belli çeperçilik sungatynyň ussatlarynyň we fotohudožnikleriniň, şeýle hem halk senetçilik ussatlarynyň döreden işleri görkezilýär. ... Dowamy - دوامــی

1 comment:

  1. Pars poeziýasynyň klassyklarynyň eserlerini bezeýän nepis, inçe miniatýuralar, original kümüş şaý-sepler, musulman Gündogary üçin mahsus bolan owadan hatdatlyk sungatynyň nusgalary, gobelenler, agaçdan döredilen çeper zatlar, beýleki materiallar—bularyň ählisini we beýleki köp zatlary şol sergide görmek bolýar, ol aşgabatlylary we paýtagtyň myhmanlaryny Eýran halkynyň taryhy, medeniýeti we özboluşly sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga çagyrýar.
    Suratlar, şeýle hem owadan kitaplar we goňşy ýurtda neşir edilýän žurnallaryň hem gazetleriň köpsanly nusgalary häzirkizaman Eýrany, durmuşyň dürli ulgamlarynda onuň gazanan üstünlikleri barada aýdyň düşünje almaga ýardam edýär. Ekspozisiýanyň bölümleriniň biri Gülüstan welaýatynyň «Çagalaryň we ýetginjekleriň intellektual ösüş merkeziniň» körpe suratkeşleriniň döredijiligine bagyşlanypdyr.
    Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohammadreza Forganiniň serginiň dabaraly açylyşyna gatnaşyjylara ýüzlenip belleýşi ýaly, bu waka türkmen we eýran halklaryny öňden bäri baglanyşdyryp gelýän mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň täze aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem diplomat Eýranyň Türkmenistanda geçirilýän däbe öwrülen medeniýet hepdesi netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek we ösdürmek işine hyzmat eder, gumanitar ulgamda üstünlikli özara gatnaşyklar onuň aýrylmaz bölegine öwrüler diýip ynam bildirdi.
    Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sergileriň, şeýle hem eýranly kinematografiýaçylaryň çeper filmleriniň görkezilişleriniň Mary we Daşoguz şäherlerinde hem geçiriljekdigini aýdylanlaryň üstüne goşaýmak galýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenbaşy aýynyň 29-yndan Baýdak aýynyň 1-ine çenli aralykda Aşgabatda eýran kinosynyň festiwalynyň geçirilendigini ýatladýarys.
    Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalyndaky ekspozisiýa Baýdak aýynyň 8-ine çenli tomaşa etmek bolar.

    Web Resource: Türkmen döwlet habarlar gullugy.Print

    ReplyDelete