Monday, November 06, 2017

Hojanepes şäheri hakda taryhy wakalar - خوجه نفس شأهری حاقدا تاریخی واقالار

Hojanepes-Gürgen derýasynyň Gaýrasyn bölegi
Toronto - Dr. OWNUK Hangeldi (Page 103 in PDF)- Bu oba Kaspy deňziniň günorta-gündogar kenar ýakasyndaky gadymy Kümüşdepe şäheriniň günortasynda, Gürgen derýasynyň diňze guýan agzyndan 2-3 k/m. Gündogarynda, derýanyň deňiz çuňlygyndaky derejesini uly gämi gatnawlarynyň gatnamagyna laýyk saklaýan nokatynda ýerleşýär. Ol ýeriň tebigaty şad we ýaz aýlarynda gök otlaryň manzaryndan has gözel tebigat emele gelýär. Onuň topragy ekerançylyk etmek üçin has kwwatly we bag-bakçalardan bol-elin meýdanlary bar. Ol ýeriň ilaty esasan ekerançylyk, maldarçylyk we awçylyk bilen meşgul. Onda Gümrükhana, telfom, Şilat (Ẑandarma) edarasynyň hem bir bölümçesi ol ýerde bar, hem okuw mekdepleri-de ýerleşýär.

 Hojanepes şäheri öňlerde onuň ulylygy we ençeme obalaryň oňa tabyn bolmagy üçin “Dehistan” adyny berilipdir. Ol, ülkäniň tabyn bölünşiginde Kümüşdepä degişlilikde “Gün-Dogar Japarbaý” obalaryň “Merkezi Dehistani” hasaba girip, has irki döwürlerden bina bolan ýurtlaryň biri bolup durýar. Bu ülkeleriň özüne degişli has taryhy wakalary bar. Bu ülke taryhda ilkinji gezek Greek taryhçysy “Girododt /هرودوت/ ýazgylarynda; “Hirkan /Girkan/ görnüşde berilipdir. Hojanepes hakdaky gyzykly gürriňleriň biri-de onuň adynyň taryhy gelip-çykyşy hakda bolup geçýär.

“Hojanepes baý” taryhy şahsyýetleriň biri. Ol XVII-XVIII asyrlarda ilkinji gezek türkmenleriň ykbaly ugrunda patyşahi Russýe Pioter Birinji /Вилики Пётер Первый/ bilen duşuşyk we gürriňdeşlik geçirýär. Şondan soň Orsýet bilen Türkmen ülkeleri ilkinji diplomatik gatnaşyklary başlanýar. Bu gatnaşyklaryň gidişinde Russiýa ekspedisiýasynyň ilkinji topary Çerkaskiniň ýolbaşçylygynda bolup geçýär. Bu topar bilen bir hatarda rus-türkmen täjirleriniň hem söwda we beýleki pudaklarda-da gatnaşyklary başlanýär. Bu gatnaşyklar Türkmenleriň bir uly döwlet bilen ilkinji söwda - yktysady ýollarynyň başlangyjy bolýar. Şondan soň Russýa bilen baglanşykly taryhy köp wakalaryň hem başlangyjy bolup durýar. 
 
Hojanepes-Gürgen derýasynyň Ilerasyn bölegi
- Hojanepes şäheriniň adynyň gelip-çykyşy:
Käbir niýeti bozuk adamlaryň “Hojanepes” şäheri hakda nädogry maglumat bermegine garamazdan, taryhda bu şäheriň adynyň gelip – çykyşy hakda Türkmenistan ylymlar Akademiýasynyň belli alymlarynyň eden ylmy barlaglary, taryhda mälim şahsyýet “Hojanepes baý” bilen baglanşygynyň bardygyny subut edýärler. Bu hakda Akademik Annanepesow Myrat Annanepesowiç, TYK Annaorazow Juma Seýtäkowiç, prof. Rahym Esenow we Kasym Nurbatow ýaly alymlar bir ideýa gulluk edip, şonuň şeýledigini subut edýärler.

Hojanepes baý XVII asyryň soňlarynda we XVIII asyryň başlarynda türkmenleriň “Mangyşlak /Müň-Gyşlak/” ýurdynda ýaşapdyr. Rus çeşmelerinde Hojanepes baý hakda galan maglumatlar, esasynda onuň doglan ýeri “Karagan” aýlagynyň ýakalaryndaky “Begli” çeşmäniň ýakasynda bolup, ol durmuşda öz söwda kerwenleri bilen gündogarda Hywa- Buhara bilen, beýleki bir tarapdan günbatarda, uly ýelkenli nawlary arkaly Hazar deňziniň üsti bilen gaýrada Astrahan we ilerde Aşyradanyň ýakynyndaky Gürgen ýakalaryna çenli gatnawda bolupdyr.
Hojanepes şäherinde Gürgen derýasynyň Gümrükhana gyrasyndan
gçýän ugry- uly nawlaryn hemişelik duralgasy bolupdyr. 
Onuň söwda nawlarynyň bir eksponsiýon bazasy /экспонцонне база/ häzirki Hojanepesiň bina bolan ýeri bolupdyr. Hojanepes baýyň uly nawlary Gürgen derýasynyň häzirki Hojanepes şäheriniň günbatar tarapyndan soň, suwyň syklygy sebäpli ol nawlary öňe sürüp bolmandyr we Hojanepes Baý şol ýeri öz bazasy ýagny “Duralga öýi” edip ýükün daşapdyr. Şondan son bu şäher kem-kemden oba bolup gaýdypdyr.

Bu ýerleri Magtymguly atamyz hem öz gözel döreden “Gürgeniň atly goşgusynda-da ýatlap geçipdir:
Hatarlanşyp duran iner-maýalar,Agyr bezirgenler, tütjär eýeler,Seňrikläp, abanyp duran gaýalar, Öňi – ardy sagy – soly Gürgeniň.

Emma Hojanepes baýyň şöhraty diňe bir tüdjärlik we söwdegärlikde däl-de, belki onuň Orsýet ýaly bir uly imperatura derejesindäki oturan döwlet bilen diplomatik we söwda - yktysady gatnaşyklary başlamak we alyp barmagy bilen baglaşnykly dyr.

Ol Orsýet bilen ilkinji gepleşiklerinde; Gündogarda, baryp Çingizhanyň döwründe, Horezm tarapdan baglanan, Jeýhun derýasynyň Uzboý we Maňgyşlak tarapa ýöreýän uly şahamçasynyň öňüniň bendini ýykyp täzeden akdyrmagy talap etýär. Jeýhun derýasynyň Maňgyşlaga tarap köneden akýän ugrynyň ýataklaryndan “altyn” çykýandygyny, Pioter I – iň dykgatyna ýetirýär. Eger şu iş miýesser bolup Jeýhun Uzboýyň üstünden akdyrylsa, hem ol ülkeleriň ekerançylygy ýenede gülläp ösjek hem-de bu derýanyň boýunda oturan türkmen ülkeleri bilen söwda gatnaşyklary ýola goýup boljak! –diýip belläpdir. Hojanepes baýyň bu alyp baran ykbal çözüji aladalary onuň adyny “Ilkinji Türkme Diplomaty” hökmünde şöhrata ýetirýär.
Hojanepes-Gürgen derýasynyň Gaýrasyn bölegi

Hojanepes diýlen şahsyýetiň ady taryhy dokumentlerde iň soňky sapar 1718 – nji ýylda Kazan şäheriniň gubernatory Saltykowyň bir näçe eden soragly protokolynda getirilýär. Şondan soň onyň ykbalyndan onçakly bir maglumat ýok. Ilatyň berýän rowaýaty boýunça “-ol Kazan şäherinden sag-salamat dolanyp gelipdir. Emma Hywa hany Şir Gazy hanyň gorkuwsyndan, ol ýeri terk edip türkmenleriň sowa ýurtlaryna gitmegi maksat edinip, ähli enjamlary bilen /bir näçe naw, kerwen düýeleri, atlary we beýleki goş-esbaplaryny alyp, Kaspy deňziniň kenar ýakasyny syryp günorta tarap ýola düşýär. Hojanepes baý şol barşyna Gürgen aýlagyna çenli baryp ýetýär. Ol Eýranyn territoriýasy hasaplanýan Gürgen derýasynyň agzynda düşleýär. Hojanepes baý uly nawy bilen Gürgen derýasyna girýär. Ol akydyň boýy bilen derýanyň gündogar tarapyna hereket etýär. Gürgen derýasy baram-baramdan syklanyp gitýär. Ol nawyn hereket edýän soňky nokatyna çenli baryp, ýüküni daşap, şol ýrde galýar. Ol ýeri häzir “Hojanepes” adyny göterýär.

Hojanepes Baýyň Astrahan we Peterburg söwda saparlary 1713-1714 – nji ýyllarda bolup geçýär. Taryhy çeşmelerde bu barada şeýle ýazypdyrlar: “Türkmeniň tanymal tüdjäri Hojanepes baý 1713-nji ýylda Maňgyşlagyň bir topar tüdjärleri bilen Astrahana hereket edýär. Ol ýerde Kyýasy Zamanow bilen duşuşyp, “has möhüm bir mesele üçin Russiýa imperatury Pioter Birinji bilen duşuşjakdygyny habar berýär.” Zamanow bu maslahaty diňländen soň onda öz bahbidiniň hem bardygyny, Hojanepes bilen gollaşmakda görýärdi. Olar Sankt Piterburga gidip patyşahy Russiýanyň ýakyn emeldarlarynyň biri A. Bekowiç Çerkaskiniň kömegi bilen Hojanepes baý we imperaturyň duşuşugyny miýesser edýär. Pioter Birinji Hojanepes Baýy 1714 – nji ýylyň ýaz aýy öz huzuryna kabul edýär.

Hojanepes baý şu duşuşykda Amy derýanyň Buhara hanlyklarynda dolanyp Kaspy deňzine tarap köne akýmynyň çägelerinden “Altyn” çykýandygyny we Hywa hany Orsýetden gorkusyna bu derýanyň öňüne bnt gurup onuň ugruny Aral deňizçesine tarap üýtgedendiklerini habar berýär. Şu duşuşykda Hojanepes baý; Amy derýany öňki ugry ýagny Uzboýa tarap üýtgetmegi Piotter I – den isleg bildirýär. Eger Amy derýany Uzboýa akdyrmakdaky şu maslahat amala aşyrylsa, bu işiň başa barmagyna ähli kömeklerimi ederin! – diýip, Habar beripdir. Hojanepesiň “Altyn” çykýan ýeri hakdaky aýdan maglumatlary, Hywa gelip-giden Sibiýriň gubernatory Kyýasy Gagazin bilen Ilçi Aşir tarapyndan tassyklanylýar. Bu zatlaryň hemmesi Pioter I-iň göwün hoşlugyny ýüze çykarýar. Sebäbi ol öňlerde-de, Hindistan bilen deňiz arkaly söwda ýollaryny açmak maksadynda bardy we şol ugurda-da, alada galypdy.

Hojanepesiň Peterburgda mahaly, Pioter Birinji, 1714 – nji ýylyň 29 – njy Maý aýyndaky çykaran permanynda “Kaspy deňziniň gündogar kenar ýakalary hakda ägä bolmak, şeýle hem Amy derýa, Hywa we Buhara hakda maglumat ýygnamak plany bilen, A Bekowiç Çerkaskiinyň ýolbaşçylygynda ekspedisiýa toparyny döretmegi ondan talap edýär. Şondan beýläk Hojanepesiň ykbaly A. Bekowiç Çerkaskiniň hem-de onuň ekspedisiýa toparynyň ykbaly bilen galtaşýar. Bu 3 topar ekspedisiýa St. Piterburgdan Astrahana gelýärler. Hojanepes bu toparlaryň üçüsine-de agzalyga geçýär. Hojanepes, Bekowiçiň wekilleri bilen Amy derýanyň günbatara akan suwynyň yzlaryny yzarlap, olara görkezýär. Soň Krasnowodska gelip Bekowiç Çerkaskiniň ýolbaşçylygynda iş alyp barýar. Hojanepes öz ähli töweregindäkileri bilen Çerkaskiniň planyny üstünlikli geçmeginde ähli kärdeşliklerini ýerine ýetirýärler. Olar ýol görkeziji we ähli at-ulaglar hem-de azyk-materiallaryny ýetirip durupdyrlar. Çerkaskiniň piotere ýazan hatlarynyň birinde; “Türkmenleriň, olary gyzgyn garşy alyşyny we tükeniksiz kömeklerini ýetirip durandyklary hakda belläp geçýär.”
Hojanepes1925-26-njyÝyllar- Tährandaky Gülüstan Mowzeleýinde saklanýan surat.

Çerkaskiniň 1717 – nji ýyldaky Gurýewden /Гурьев/ Hywa tarap hereket eden syýasy-harby ekspedisiýasynda bu hereket bilen işjeň gatnaşan Hojanepes bolupdyr. Hywaň häkimi Şir Gazy han, Hojanepesi Ruslara kömek bereni we olaryň yzbeledi bolany üçin ilatyň öňünde dara çekmek niýeti bilen esli gezek, Bekowiçden, Hojanepesi tutup eline bermegi talap edýär welin Bekowiç Hojanepesi arabanyň üstündäki ýükleriň arasyna dolaşdyryp gizlemegi buýruk berýär.

Şeýlik bilen Şir Gazy hanyň mekirligi bilen Bekowiç we onuň ekspedisiýasyndaky topar heläk edilýär emma, Hojanepesi tapyp öldürüp bilmeýärler welin Hojanepesiň gizlenen arabasy bolsa, Hywa hanyň, Aga mämet atly bir türkmen gullukçylarynyň eline düşüp, bu gyrgynçylykdan halas bolýar. Şol gün Hojanepes, Bekowiçiň we onuň ýoldaşlarynyň tenden juda edilip, kesilen başlaryny, öz gözi bilen görýär.

Bu hakda Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň akademigi Annanepesow Myrat öz ýazan taryhy çeşmelerinde şeýle beýan etýär:

“Orta Asiýanyň taryhynda XVIII asyryň başlarynda rus ekspedisiýalarynyň Kaspy deňziniň günorta kenarýakalaryna gelmegi, 1717 – nji yýlyň tomusynda A. Bekowiç Çerkaskiniň ekspedisiýasynyň Hywa hanlygynda peýda bolmagy bilen belli boldy. Hywa gurulan ekspedisiýa Maňgyşlak türkmenleriniň goldawyna daýanýardy. Ekspedisiýa olaryň Pioter Birinji bilen duşuşan wekili täjir Hojanepesiň haýyşy boýunça şaýlanypdy. A. Bekowiç Çerkaskini Gurýewden /Гурьев/ Hywa çenli çöldäki kerwen ýollaryndan alyp giden ýolbeled “Hojanepes”-di. Emma Hywa hany Şirgazy, A. Bekowiç Çerkaskini haýynlyk bilen öldürdi, ekspedisiýa gatnaşanlary hem rehimsizlik bilen jezalandyrdy.

Gynançly tamamlanandygyna garamazdan, ekspedisiýa Orta Aziýada XVIII asyryň başyndaky iri syýasy waka boldy. Ol hakykatda Pioteriň Rusiýasy bilen hökümdarlyk düzgüninde ýaşaýan Orta Aziýanyň aralygyndaky düňe çölüiň tümlügini ýagtyldan ýyldyrymdy! Ol ekspedisiýa Russiýa bilen Orta Aziýanyň arasynda söwda – ykdysady, syýasy we diplomatik gatnaşyklaryň mundan buýana ösmeginiň başyny başlady. A. Bekowiç – Çerkaskiniň ekspedisiýasynyň heläk bolmagy Orta Aziýa halklarynyň, aýratyn-da kenarýakada ýaşaýan Gazaklaryň we Türkmenleriň Russiýa ymtylyşlaryny kemeltmedi. Gaýta, olar Russiýa tabyn bolmagy hanlyk düzgüniniň eden-etdiliginden we ýowuzlygyndan dynmagyň ýeke-täk çykalgasy hasaplap, onuň raýatlygyna geçmegiň ýoluny öňküden-de yhlasly we yzgiderli gözläp başladylar.

Şol bir wagtyň özünde A. Bekowiç Çerkaskiniň ekspedisiýasyndan ähdi ýalanlyk bilen öç alynmagy diňe Hywa – da däl – de, bütin Orta Aziýada kyn ýagdaýi emele getirdi. Şirgazynyň özi hem nejis iş edenini bilýän bolmaga çemeli. Ol hemmelere müňkür bolup, töweregindäkilerden üýşenip, bus – bus bolýar. Hanyň gorkusyndan ýaňa hiç ýere çykman, diňe köşgünde ýaşaýandygyny, “Gijelerine azyk – alapasy ýetik, diňiň içinden gulplap mydar edýändigini, suwy guýudan alyp oňýandygyny” F. Benewni /Ф. Беневени/ habar berýär. Şirgazy 1722 – nji ýylda Russiýanyň wekili F. Benewniniň gelmegine begenýär. Günäsini ýeňletmek üçin onuň öňünde ýallaklaýar. A. Bekowiç – Çerkaska her hilli töhmetler atyp, bolmajasyny bolýar.” ...

Şondan soň Hojanepe öz obasyna dolanyp gelip, bu bolup geçen pajygaly ýagdaýy Orslaryň harby güjiniň düýp merkezi Karagana habar berýär. Ondan soň ony Astrahana alyp gidip Hojanepesden sorag-jowap etýärler. Ýene-de Astrahandan Kazana eltip, ol ýeriň gubernatory Saltykowyň hut özi sorag-jowap edýär. Şondan soň Hojanepesiň ady taryhy çeşmelerde gabat gelmeýär.

Emma Hojanepes baýyň ady şondan soňky taryhy çeşmelerde ýitse-de, onuň öz halkynyň ykbaly üçin we şolaryň ygtybarly wekili hökmünde bu işi uly oruna eýedir. Ol özi isläp taryha girenokda, belki ýurdyň isleg-arzuwlaryny we ýaşaýyş zerurýetiniň öňe sürmegi bilen ýüze çykýar. Ol taryhda biziň halkymyzyň garşysyna döredilen uly pajygaly hadysanyň öňüni almak üçin ýagny Amy derýany ýene-de öňki ugruna getirip Hazar deňzine akdyrmagy, diplomatik ölçeginde ruslar bilen alyp barypdyr. Şol döwürlerde Türkmen-Rus gatnaşyklary has uly gerim alyp dyr.

Hojanepes baýň gatnaşyklary Ruslar tarapyndan hem sowuklaşandan soň ol ähli esbap-enjamlary, uly gämisi hem düýe kerwenleri bilen Kaspy deňziniň gündogar kenar ýakalaryny syryp Gürgen derýasynyň deňize guýan ýerlerinde düşleýär. Şondan soň Hojanepes baý şol ýerde mesken tutup galýar. Ol ýere kem-kemden beýleki tiredeşleri hem göçüni çekýärler we şeýdibem häzirki “Hojanepes” şäheriniň dübi tutulýar. Bu oba soňlasrda kiçi port obasyna öwrülýär. Hojanepes baýyň gämisiniň edil duran ýerinde soňlarda “Gümrük-hana” enjamlary gurulup dyr. Onuň daş-töweregi oba bolup ösüp gaýdypdyr.

Hojanepes öňlerde “oba” görnüşde bolsa-da öz daş-töweregine beýleki kiçi obalary hem oňa tabyn. Şonuň üçin hem tabyn bölünşikde “Dehistan” ölçeginde we häzir ýaňy ýakynda “şäher” tabynlyga öwrüldi. Ol ýerde “Hojanepes Gümrükhanasy” bardy. Ol rus-türkmen gatnaşyklaryndan soň ýoň bolan uly iki gat jaýdan /tam/ ybarat bolup onuň sütünli aýaklarynyň dört-gyraň kerpiçleri Gyzyl alaň atly gadymy salynan diwarlaryň galyndylaryndan getirilp goýulupdyr. Bu bina Gürgen derýasynyň gündogar gyrasynda ýerleşip uly gämileriň gel-gitli mekany bolupdyr. Ol 1349-njy /h.ş./ ýyllara çenli durdy. Bu mekan pehlewiler nesilşalygy Rza hanyň tarapyndan basylyp alynandan we dünýä döwletleriniň iki uly topara bölünenden soň SSR bilen gatnaşyk ýapylyp we Hojanepes port obasy bolsa ünsden düşürilip, gümrük ähmiýeti ýitip, şol dynastuiýanyň soňlarynda bolsa, Gümrükhana jaýy hem ýykylyp ýerine gyz çagalaryň okuw jaýyna öwrülýär.

No comments:

Post a Comment