Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi |
Türkmen Habarlary: Muzeý 1998-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Milli muzeý ady bilen döredilýär,
2009-njy ýylda Türkmenistanyň Baş milli muzeýi diýlip ady üýtgedilýär,
şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi, Etnografiýa we ülkäni
öwreniş muzeý.
*****
2013-nji
ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
düzümine girizilýär. Şeýlelik-de Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi,
Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýi, Türkmenistanyň ilkinji
Prezidentiniň muzeýi, „Garaşsyzlyk muzeý“, „Galkynyş muzeý“, „Bitaraplyk
muzeý“ şahamçalary Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň düzüminde hereket
edýär.
Türkmen
halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmäge ony halka ýetirmäge doly
mümkinçilikler bar. Türkmenistanyň beýleki halklaryňka meňzemeýän baý
taryhy medeni ýädygärlikleri, maddy medeniýeti bar. Şol medeniýetleriň
köklerinden tä şu günki güne çenli gelip ýeten janly şaýat hökmünde
saklanyp galan gymmatlyklary ýurdumyzyň müzeýlerinde saklanýar. Muzeýler
bu taryhyň açylan bir sahypalaryny özünde jemleýän medeni ojakdyr.Biziň
muzeýlerimizde taryhyň gymmatly hazynalary jemlenip we goralyp
saklanylyp geljekki nesillerimize ýetirmekde dyngysyz aladalar edilýär.
Muzeýde
muzeý gymmatlyklaryny ylmy taýdan owrenmek, pasportlasdyrmak, ylmy
usulyýet, mahabat neşir, ekspozisiya we sergi, ceper dikeldiş işlerini
alyp barmak we ýerine ýetirmek barada bölümlerin duzumi:
- Muzey gaznasynyň elektron binýadyny guramak we pasportlaşdyrmak bölümi
- Döwlet we jemgyýetçilik muzeýleriniň muzeý gymmatlyklaryny saklaýjy merkezleriniň işini utgaşdyrmak bölümi
- Türkmenistanyň taryhy ylmy barlag bölümi
- Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy barlag bölümi
- Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi
- çeperçilik dikeldiş we rejeleýiş işleri bölümi
- Ylmy usulyýet işleri bölümi
- Mahabatlandyryş neşir edijilik bölümi
- Medeni aň-bilim işleri bölümi
- Sergi işlerini guramak bölümi
- Şekillendiriş sungaty bölümi
- Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi
Şu
güne çenli muzeýiň gaznasynda 137 030 sany esbap birligi goralyp
saklanylýar. Olardan: Garaşsyzlyk şahamçada 5 777 sany esbap birligi,
Galkynyş şahamçada 244 esbap birligi, Bitaraplyk şahamçada 14 sany esbap
birligi. Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň muzeýi bölüminde 4 851
sany esbap birligi saklanýar. Esasy gaznada 126 930 esbap birligi, ylmy
kömekçi gazna 10 100 esbap birligi. Olaryň üsti ýyl-ýyldan köpelýär. Şu
ýylyň dowamynda muzeýiň gaznasyna 1 655 esbap birligi kabul edildi. Ol
esbaplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyndan hem-de raýatlardan
kabul edildi. Esbaplar ýörite resmileşdirilen gazna iş topary tarapyndan
kabul edilýär.
Muzeý işiniň esasy biziň döwrümizde muzeýlere gelýänleriň sanynyň köpelmegi
muzeýleriň halkymyzyň dünýägaraýşynyň we medeni derejesine
kämilleşmeginiň edýän täsiri bilen tapawutlanman, eýsem, halkymyzyň
taryhy-medeni mirasyna gyzyklanmasynyň artmagy bilen häsiýetlenýär.
2013-nji ýylda Döwlet muzeýine gelenleriň sany 125393 adam boldy. Gelýän
adamlar diňe Türkmenistanyň raýatlary bolman, eýsem, daşary ýurtly
işewürler, köp sanly syýahatçylardyr. Muzeýi görmäge gelýänlere ýokary
bilimli hünärmenler türkmen, rus, iňlis, nemes, fransuz, türk, arap
dillerinde ekskursiýa guraýarlar. 2013-nji ýylyň dowamynda ekskursiýa
hyzmatlarynyň 2450 sanysy amala aşyryldy
.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet muzeýi usulyýet merkezi hökmünde şäher we
welaýat muzeýleriniň ylmy işgärlerine, hünärmenlerine muzeý esbaplaryny
hasaba almak we saklamak, ylmy ekspozisiýa we sergi işleri boýunça usuly
kömekleri berýär.
Muzeýiň merkezi binasy Türkmenistanyň taryhy we arheologiýa ýadygärliklerine
bagyşlanýar. Ekspozisiýada Gadymy döwür, Margiana, Antika, Orta asyrlar
taryhy zallary hereket edýär.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň muzeýiniň binasy Bitarap Türkmenistanyň milli
medeniýetini we sungatyny ösdürmeklige muzeýiň infrastrukturasyny
döretmekligi, ýaş nesli ata-babalarymyzyň ruhy-medeni baýlyklaryny gorap
saklamaklygy, türkmeniň taryhyny halk köpçüligine ýetirmekligi göz
öňünde tutuldy.
Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekspozisiýasy Älemiň, Ýyldyzlaryň, Günüň we
Ýer planetasynyň emele gelmegine we onda ýaşaýşyň ewalýusion döremegine
bagyşlanan. Ýurdumyzyň dürli künjekleri barada giňden syýahat Köýten
daglaryň, Gaplaňgyryň, Bathyzyň, Köpetdagyň, Garagum çölüniň,
Amyderýanyň, guşlaryň Türkmenistanyň köllerinde gyşlaýan ýerleriniň,
Hazar deňziniň dioramalary hem-de şol ýerleriň özüne mahsus bolan
haýwanat we ösümlik dünýäsiniň giň toplumy ekspozisiýada öz ornuny
tapýar.
Kabulhana 48-25-92 Faks 48-25-93 Muzeýiň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 30
Türkmenistanyň Döwlet muzeýini görmäge gelýänler üçin Sişenbe gününden başga hepdäniň hemme günleri açyk. Iş wagty 10:00 – dan 17:00 çenli ...
No comments:
Post a Comment