Thursday, December 20, 2007

TÜRKMEN JURNALISTIKASY HAÇAN JANLANAR?

Garaşsyz ”Press Emblam kampan” guramasy konfliktli zonalarda we gyzgyn nokatlarda işleýän jurnalistleriñ janyny goramak boýunça täze halkara Konvensiýasyny kabul etmek teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasyna (BMG-ä) ýüz tutdy. Häzirki wagtda bu teklibe BMG-de garalýar. Bu habar Jenewada ýaýradyldy.
Halkara derejesinde şeýle abraýly Konvensiýanyñ kabul edilmegi örän zerur. Çünki konfliktli zonalarda we gyzgyn nokatlarda işleýän jurnalistleriñ janyna abanýan howp ýyl-ýyldan artýar. Soñlanyp barýan 2007-nji ýylda öz professional borjuny ýerine ýetirýän wagty dünýä boýunça 110 jurnalist wepat boldy. Eger 2005-nji ýylda 68, 2006-njy ýylda 96 jurnalistiñ wepat bolandygyny göz öñünde tutsañ, onda ýagdaýyñ gitdigiçe erbetleşýändigi görnüp dur.
Jurnalistler üçin iñ howply ýerler uruş barýan ýurtlar. Owganystan, Yrak, Somali ýaly ýurtlarda olar gündelik howp astynda işleýärler. Yrakda diñe şu ýylyñ dowamynda 50 jurnalist wepat boldy, 2003-nji ýyldan bäri bu ýurtda öldürilen jurnalistleriñ sany 250 bardy.
Emma diñe bir uruşly däl-de, eýse, käbir parahat diýlip hasap edilýän ýurtlarda-da jurnalistler arkaýyn işläp bilenoklar. Meselem, ozalky SSSR-iñ çäklerinde jurnalistler üçin iñ howply ýurt Orsýet. Bu ýurtda soñky ýyllarda onlarça jurnalistler gümürtik ýagdaýda wepat boldular. Rus häkimiýetleri jurnalistleriñ öldürilmeginiñ sebäplerini derñemekde, jenaýatkärleri tapmakda adatdan daşary perwaýsyzlyk görkezýärler. Öldürilýän jurnalistleriñ köpüsiniñ häkimiýetlere oppozisiýada durýan, başgaça pikirlenýän adamlar bolmagy bu jenaýatlarda rus häkimiýetleriniñ öz elleriniñ barlygyny güman etdirýär. Vlad Listýev, Dmitriý Holodow, Anna Politkovskaýa, Pol Hlebnikov ýaly dünýä belli jurnalistleriñ garşysyna edilen jenaýatlaryñ açylmazlygy rus jurnalistikasyna urlan agyr zarba boldy. Orsýetde garaşsyz, batyrgaý jurnalistikanyñ öz ornuny ýaranjañ jurnalistika bermeginiñ bir sebäbi şu bolsa gerek.
Eýse, biziñ öz ýurdumyzda ýagdaý nähili? Soñky döwürde Türkmenistanyñ prezidenti ýurduñ köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ hilini birnäçe gezek berk tankyt etdi. Türkmen metbugatynyñ ýurduñ ilatynyñ arasynda abraýynyñ ýokdugyny belledi. Prezident metbugatyñ, radionyñ we televideniýäniñ işini gowulandyrmagy talap etdi. Elbetde, bu gowy talap. Emma türkmen metbugatynyñ ýagdaýy diñe tankytdyr tabşyryk, buýrukdyr görkezme bilen düzederden geçen.
Türkmenbaşy döwründe Türkmenistanda garaşsyz metbugat doly ýok edildi. Gazet-jurnallarda, radioda we televideniýede özbaşdak pikirlenip bilýän jurnalist galmady. Ýurtda hakyky jurnalistika ýok edilip, häkimiýetlere ýapja, ýaranjañ, ýöwsel jurnalistika döredildi. Bu talaby ödemedikler işden çetleşdirildiler. Gepiñ keltesi, garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen jurnalistleri köpçülikleýin ýok edildiler. Ýöne fiziki taýdan däl-de, ruhy taýdan.
Ruhy taýdan öldürilen jurnalistleri täzeden janlandyrmak we türkmen jurnalistikasyny gaýtadan dikeltmek, elbetde, añsat düşmez. Munuñ üçin adamlarda ilki bilen ynam döretmeli. Adamlaryñ ynamyny gazanmak üçin bolsa, gury söz ýeterlik däl. Garaşsyzlyk döwründe olar ýalan buýruklary, talaplary kän gördüler. Türkmen jurnalistleriniñ ynamyny indi diñe anyk çäreler, işler arkaly gazanyp bolar. Ýurduñ ýolbaşçylygynyñ türkmen metbugatynyñ, radiosynyñ, televideniýesiniñ işini düýpli gowulandyrjagy çyny bolsa, bu ugurda anyk ädimleriñ ädilmegi gerek.
Ilkinji anyk çäreleriñ biri hökmünde garaşsyzlyk döwründe metbugatyñ garşysyna edilen bikanun işler derñelmeli. Erkin metbugaty ýok etmäge gatnaşan adamlary öz wezipelerinden günübirin çetleşdirmeli. Türkmen gazet-jurnallarynda, radioda we televideniýede ornaşan ýaranjañ baş redaktorlary täzelemeli. Baş redaktorlary saýlamak işini gazet-jurnallaryñ kollektivlerine ynanmaly. Hususy radio we tele kanallaryñ açylmagyna ýol bermeli. Deslapky senzurany ýatyrmaly.
Öz professional borjuny ýerine ýetirip ýörkä tutulyp, töhmetçilikli aýyplama esasynda tussaglyga höküm edilen, soñra-da türmede gynalyp öldürilen türkmen jurnalisti Ogulsapar Myradovanyñ ölüminiñ sebäbiniñ gaýtadan derñelmegi we günäkärlere berk temmi berilmegi bu ugurda ýene-de bir möhüm ädim bolardy. Şonda türkmen jurnalistleri öz işleriniñ we janlarynyñ indiden eýläk Türkmenistanyñ hökümeti tarapyndan goraljakdygyna ynanardylar.
Şeýle çynlakaý we düýpli işler geçirilse, Türkmenistanda metbugatyñ, radionyñ we televideniýäniñ işiniñ gaýtadan janlanjakdygyna şübhe bolup bilmez.
----------------------------------
A.Welsapar, ýazyjy, jurnalist2007-12-18

No comments:

Post a Comment