Türkmenistan Ylymlar Akademiýasy |
Türkmenistanyň akademiki we pudaklaýyn institutlarynda, ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura we doktorantura girmek, şeýle hem
alymlyk derejelerini goramak üçin resminamalary kabul etmek ýakyn
günlerde tamamlanýar. 1-nji fewraldan bolsa, ýurdumyzyň
ylmy-barlag we okuw merkezlerinde giriş synaglary başlanar. Şu ýylda
hünärleriň sanawynyň we ýokary kwalifikasiýaly ylmy işgärleri
taýýarlamak üçin döwlet tarapyndan berilýän kwotalaryň artdyrylandygyny
bellemek gerek. Bu bolsa ylym-bilim ulgamyny özgertmegiň strategiki
wezipesi bolup durýar...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň 2010-njy ýylyň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde degişli karara gol çekip, 2011-2015-nji
ýyllarda Türkmenistanda ylmy we iň täze tehnologiýalary ösdürmegiň
ileri tutulýan ugurlaryny tassyklady. Olaryň arasynda oba senagat
we nebitgaz toplumlaryny innowasion taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly ylmy çözgütler, himiýa, maglumatlar we telekommunikasion tehnologiýalar, gurluşyk we seýsmologiýa, lukmançylyk we farmasewtika, ykdysadyýet we gumanitar ylymlar, şeýle hem ekologiýa we tebigy baýlyklary rejeli ulanmak boýunça ylmy barlaglar bar.
we nebitgaz toplumlaryny innowasion taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly ylmy çözgütler, himiýa, maglumatlar we telekommunikasion tehnologiýalar, gurluşyk we seýsmologiýa, lukmançylyk we farmasewtika, ykdysadyýet we gumanitar ylymlar, şeýle hem ekologiýa we tebigy baýlyklary rejeli ulanmak boýunça ylmy barlaglar bar.
Turkmen Taryhy |
Şu ýyl ylmy işgärler ylmyň 19 sany ugry boýunça taýýarlanylar. Ylmy
hünärleriň giňişleýin sanawy häzirki döwürde türkmen ylmynyň ösüşine
mahsus ýagdaýlar barada düşünje almaga mümkinçilik berýär. Ýeri gelende
aýtsak, şu ýyl ilkinji gezek «Türkmengaz» döwlet konserniniň Nebit
we gaz institutyna aspirantura kabul etmek amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynda we Botanika
institutynda, Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem-de
Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň seýsmiki taýdan berk gurluşyk
boýunça ylmy-barlag institutynda täze hünärleriň altysy (has takygy
«Ýurdumyzyň taryhy» we «Sungatyň teoriýasy we taryhy», «Genetika»
we «Mikologiýa», «Gistologiýa, sitologiýa we öýjükli biologiýa»,
«Esaslar we fundamentler, ýerasty desgalar») açyldy.
Ylym bilen bagly düşünjeleriň ösüşiniň derejesiniň döwletiň ösüşine,
onuň kuwwatly mümkinçiliklerine, ýokary derejede taýýarlykly ylmy
işgärleri taýýarlamagyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de jemgyýetiň häzirki ýagdaýyna degişli görkeziji bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy hemmelere mälimdir.
Dünýäniň ösen ýurtlarynda täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak
we ornaşdyrmak boýunça aňrybaş derejedäki ylmy-tehnologik toplumlaryň,
senagatyň, bilimiň we innowasiýalaryň ylym bilen bagly toplumlarynyň
döredilmegi, şeýle hem futuropolisleriň uly möçberli taslamalary muňa
mysal bolup biler. Häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň dürli ýurtlarynyň
ylym we tehnologiýa bilen bagly kuwwatlylygy artdyrmaga çalyşýandygy
aýdyň görünýär we bu ýurtlaryň her biri öňde goýlan maksatlara ýetmekde
öz ýoluny saýlap alýar.
Häzirki döwürde sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň hem döwleti
ösdürmekde durmuş ugra gönükdirilen özboluşly milli ýoluny ugur edinmegi
ýöne ýerden däldir. Ykdysady özgertmeleriň we tehnologik
innowasiýalaryň gumanizasiýasy, milletiň ruhy gymmatlyklaryna ýüzlenmek
şol ýoluň möhüm ähmiýetli bölegi bolup durýar. Milletiň Lideriniň
türkmen döwletiniň tutuş taryhy ösüşi bilen baglylykda taryh ylmyna,
täze taryhyň öwrenilmegine aýratyn üns berýändigi has-da aýdyň görünýär.
Häzirki wagtda gumanitar hünärleriň giňişleýin sanawy boýunça
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda we
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ylmy barlaglarynyň
arasynda taryha degişli hünärleriň ep-esli orny eýelemegi
kanunalaýyk ýagdaýdyr. Şolaryň arasynda arheologiýa, etnografiýa,
etnologiýa we antropologiýa, adamzat jemgyýetiniň taryhynyň ösüşi,
çeşmeleri öwreniş we taryh boýunça ylmy-barlaglary geçirmegiň usullary,
dürli döwürleriň ählumumy taryhy, halkara gatnaşyklaryň we daşary
syýasatyň taryhy, medeniýetiň teoriýasy we taryhy, muzeýleri öwrenmek,
taryhy-medeni mekanlary aýawly saklamak we durkuny täzelemek
hünärleri bar. Diňe şu ýylyň özünde taryhçy alymlar üçin kwotalar ep-esli artdyryldy we hünärleriň sanawy has-da
giňeldildi, aspirantura, doktorantura we Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň Taryh institutynda alymlyk derejelerini almak boýunça
kabul edişlik alnyp barylýar. Ýokarda bellenilişi ýaly, bu ýerde
«Sungatyň teoriýasy we taryhy» we «Ýurdumyzyň taryhy» atly täze ylmy
hünärler ilkinji gezek girizildi.
Taryh boýunça ylmy-barlaglaryň mowzugynyň we öwrenilýän meseleleriň
täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň ösüşiniň barşy, şeýle hem döwlet
Baştutanynyň HHI asyryň täze 10 ýyllygynda ýurdumyzyň taryhçy
alymlarynyň öňünde goýan jogapkärli wezipeleri bilen
şertlendirilendigini aýtmak gerek.
Döwlet Baştutanynyň ýurdumyzyň taryhçy alymlarynyň öňünde goýan möhüm
ähmiýetli wezipeleri täze Galkynyş eýýamy bilen baglylykda, ýurdumyzyň
hakyky taryhyny öwrenmekden we täzeden dikeltmekden, oňa aýdyň akyl
ýetirmekden, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny giňden wagyz etmekden
we oňa giň halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.
Milletiň Lideri olary geçmişiň öwrenilmegine hut şunuň ýaly
çemeleşmäge ugrukdyryp, taryhy wakalaryň ylmy taýdan seljerilmegi
boýunça ajaýyp görelde görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy: parahatçylygyň,
howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmek» atly Halkara
ýubileý forumynyň belent münberinden eden çykyşy hakykatyna garanyňda
türkmen bitaraplygynyň taryhy ähmiýetiniň ylmy taýdan esaslandyrylmagy
bolup durýar. Şonda bitaraplygyň ýol-ýörelgesine, şeýle hem onuň
Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasyny we içerki ugrunyň
strategiýasyny kemala getirmekdäki ähmiýetine taryhy taýdan takyk
ölçerilen we anyk-aýdyň baha berilýär. Döwlet Baştutany taryh ylmynyň
täze Galkynyş eýýamynda türkmen döwletiniň ideologiýasyny hem-de
ýaşaýşyň täze filosofiýasyny, taryhy, durmuş, medeni, ruhy tejribäni,
milli mirasy häzirki döwürde ýurduň ösüşi boýunça öňde goýlan wezipeler
bilen döredijilikli utgaşdyrmak arkaly döretmekde möhüm ähmiýete
eýedigini belleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wakalara we taryhy
ösüşiň kanunlaryna anyk-aýdyň baha berýän täze ylmy-barlaglaryň
geçirilmeginiň zerurdygyna taryhçy alymlaryň ünsüni çekip, olary
Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlardaky, täze we häzirki zaman taryhy,
medeniýet we folklor, häzirki döwrüň ilkinji nobatdaky wezipelerine
döredijilikli akyl ýetirmek we ylmy taýdan işläp taýýarlamak boýunça
ylmy-barlaglary geçirmäge gönükdirdi. Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň taryh institutynyň ýaş alymlary öz ýaşuly halypalary
bilen birlikde, «Ýurdumyzyň taryhy» we «Sungatyň teoriýasy we taryhy»
atly hünärleriň çäklerinde geçirjek täze ylmy barlaglary hut şu maksada
ýetilmegine gönükdirilendir.
«Ýurdumyzyň taryhy» taryh ylmynyň möhüm ähmiýetli we binýatlyk
hünärleriniň biri hasaplanýar. Bu hünäre degişli işiň mazmuny
Türkmenistan döwletiniň we halkymyzyň geçmişini we häzirki ýagdaýyny
öwrenmekden ybaratdyr. Taryhy ösüşiň dürli tapgyrlarynda döwletiň
we jemgyýetiň ýaşaýşyň ähli ugurlaryndaky işini öwrenmek ýurdumyzyň
taryhynyň öwrenýän obýekti bolup durýar, onuň esasy wezipesi taryhy
çeşmeleri gözlemekden we olara baha bermekden, jemgyýetçilik we gündelik
durmuşa degişli ýagdaýlaryň we hadysalaryň netijelerini öwrenmekden
we seljermekden ybaratdyr.
Ýurdumyzyň taryhyna degişli ylmy barlaglar anyk ugurlara
gönükdirilip, gadymy Türkmenistany siwilizasiýanyň ösüşiniň ojaklarynyň
biri hökmünde öwrenmek, oguz türkmenleriniň döwletiniň taryhy, ilkinji
şäher-döwlet hasaplanýan Altyndepe, gadymy Margiananyň, Dehistanyň,
Parfiýanyň taryhy we medeniýeti, Beýik Ýüpek ýoly, gadymy ynançlar
we yslamyň ýaýramagy, orta asyrlarda türkmenleriň döreden döwletleriniň
taryhy we medeniýeti, täze döwürde türkmenleriň başga ýerlere göçmegi
bilen baglanyşykly taryhy wakalar, türkmenleriň XVII—XX asyrlardaky taryhy, Garaşsyz Türkmenistanyň taryhy, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň taryhy ýaly meselelere bagyşlanandyr.
«Sungatyň teoriýasy we taryhy» atly hünär Türkmenistanyň geçmişdäki
we häzirki döwürdäki maddy we ruhy medeniýetiniň ylmy taýdan hemme
taraplaýyn öwrenilmegine gönükdirilip, onuň maksady sungatyň adamyň
ruhy-amaly işiniň özboluşly görnüşi hökmünde ýüze çykmagy, onuň
ýaşaýşynyň mazmuny, ösüşiň durmuş wezipeleri, kanunalaýyklyklary
we taryhy tapgyrlary bilen bagly meseleleriň toplumyny öwrenmekden
ybaratdyr. Ylmy barlaglar sungatyň dörän pursatyndan başlap, adamzadyň
toplan we biziň günlerimize ýetiren çeperçilik gymmatlyklarynyň tutuş
toplumyny, taryhy, filosofiki-estetiki we sungaty öwreniş taýdan
seljermek arkaly geçirilýär.
Türkmen halkynyň ösüşiniň ähli taryhy tapgyrlarynda milletiň
medeniýetiniň taryhy we taglymy, medeniýetiň milletiň ruhy durmuşyndaky
orny we ähmiýeti, dürli halklaryň medeniýetleriniň özara gatnaşyklary
we biri-birine ýetirýän täsiri şol hünäriň çäklerinde geçirilýän
ylmy-barlaglaryň meselesi bolup durýar. Alymlyk derejesini goraýanlar
türkmen teatrynyň we kinosynyň, şekillendiriş sungatynyň
we arhitekturanyň, sazyň, operanyň we baletiň, estradanyň, halk
döredijiliginiň ösüşiniň taryhyny, şeýle hem türkmen bagşylarynyň ýerine
ýetirijilik ussatlygyny, amaly-haşam sungatynyň, tansyň ösüşiniň
taryhyny öwrenmek we beýan etmek arkaly, Türkmenistanyň taryh ylmyna
önjeýli goşant goşup bilerler. Täze Galkynyş eýýamynda medeniýetiň
jemgyýetiň ruhy ösüşindäki orny we ähmiýeti «Sungatyň taglymy we taryhy»
atly hünäre degişli möhüm ähmiýetli meseleleriň biri hasaplanýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty tarapyndan
hödürlenen täze ylmy barlaglaryň wajyp ähmiýetlidigine söz ýok. Çünki
olar türkmen halkynyň şan-şöhratly geçmişi, onuň häzirki gazananlarynyň
gözbaşlary baradaky düşünjeleri ep-esli giňeltmelidir.
Şonuň bilen birlikde, täze hünärleriň çäklerindäki ylmy barlaglar
türkmenleriň ruhy we maddy medeniýetiniň dünýäde wagyz edilmegine,
umumyadamzat ähmiýetli taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak
işinde halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine degerli ýardam berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty
täzelenen meýilnama laýyklykda taryh ylmyna degişli möhüm ähmiýetli
meseleleri işläp taýýarlaýar. Bu ýerde monografiýalar, kataloglar,
makalalar we ylmy gollanmalar, şol sanda ýurdumyzyň mekdepleri we ýokary
okuw mekdepleri üçin niýetlenen okuw gollanmalary taýýarlanýar. Diňe şu
ýylda-Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň belleniljek
döwründe «Türkmen taryhyndaky meşhur şahsyýetler» atly
taryhy-ensiklopedik ýygyndyny, «Soltan Sanjar we onuň imperiýasy»,
«Türkmenleriň Kiçi Aziýa we Osman döwleti bilen gatnaşyklary», «Zeňňi
türkmenleriň döwleti» atly monografiýalary çykarmak göz öňünde tutulýar.
«Türkmen taryhy gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli» atly iki
tomluk, şeýle hem Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň
abraýly sanawyna goşulan taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan
kitaplaryň tapgyryna degişli «Gadymy Nusaý» atly ylmy-populýar neşir çap
etmek üçin taýýarlanýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda şu tapgyr
boýunça gadymy Köneürgenç baradaky kitap çap edildi. Bu neşirleriň
ählisi dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine we giň okyjylar toplumyna
elýeterli etmek maksady bilen üç dilde çap edilýär.
Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh
institutynyň işiniň esasy ugurlary ýaş ylmy işgärleri taýýarlamakdan,
dünýäniň esasy ylmy merkezleri bilen gatnaşyklary giňeltmekden, türkmen
halkynyň ruhy mirasynyň dünýä ölçegleriniň ulgamyndaky ornuny we
ähmiýetini kesgitlemäge mümkinçilik berýän bilelikdäki ylmy barlaglary
geçirmekden, şeýle hem taryhy-medeni we halk döredijilik materiallaryny
toplamak, umumylaşdyrmak, täzeden dikeltmek we aýawly saklamak, bulary
giňden wagyz etmek bilen bagly işde has kämil tehnologiýalary ulanmakdan
ybaratdyr.
Aspirantura we doktorantura kabul etmek, ylymlaryň kandidatlary
we doktorlary diýen alymlyk derejelerini goraýanlary hasaba almak
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň işgärleri üçin
jogapkärli we hormatly iş hasaplanýar. Ata Watanymyzyň täze taryhynyň
biziň gözümiziň alnynda bolup geçýändigine söz ýok, beýik özgertmeler
eýýamyndaky wakalar onuň oňyn ösüşli we yzygiderli barşyny görkezýär.
Taryhy geçmişi we häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän uly
möçberli özgertmeleriň ähmiýetini we mazmunyny, Garaşsyz türkmen
döwletiniň dünýä ölçegleriniň ulgamynda eýeleýän ornuny düşündirmek-täze
Galkynyş eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
tarapyndan ýurdumyzyň taryhçylarynyň öňünde goýlan mukaddes borçdyr
we hormatly wezipedir.
No comments:
Post a Comment