Yrak, YYDL söweşijisi Mosulda, 23-nji iýun, 2014. |
Dokuz aý ozal dünýäniň ünsi,
heläkçilikli himiki hüjüm sebäpli, Siriýa raketa zarbalarynyň urulmak
ähtimallygyna gönügipdi. Emma indi, yslamçy jeňçileriň Yraga süýşmegi
bilen, dünýä we sebit güýçleri täze howp-hatarlara garşy çäre görmegiň
ýollaryny ölçerip-dökýärler.
Biz özümiziň "Ýakyn Gündogar gatnaşyklary: Bu çylşyrymly" atly interaktiw matriksimizi 2013-nji ýylyň sentýabrynda çap etdik.
Başar al-Assadyň režiminiň Siriýadaky himiýa hüjüminde
günäkärlenenine dokuz aýa golaý wagt boldy, şonda 1400 adam heläk
bolupdy we bu ýagdaý Birleşen Ştatlaryň hökümete garşy aram söweşijileri
goldamak üçin howa zarbalaryny urmagy baradaky çagyryşlara getiripdi.
Şondan iki aý soň bolsa, general Abdel Fattah al-Sisi Müsüriň
prezidenti Muhammad Morsini we onuň «Musulman doganlygyny» agdaryp
taşlapdy. Bu ýagdaý käbirlerinde gahar-gazap döretse (Türkiýä seret),
beýlekilerinde (Saud Arabystanyna seret) ýeňillik döredipdi.
Dokuz aý soňra bolsa Sisi, köpler tarapyndan ýaňsylanan saýlawlarda
97 prosent ses alyp, prezident boldy, Assad bolsa, golaý geljekde öz
wezipe pozisiýasyny has berkiden ýaly göründi. Birleşen Ştatlar howa
zarbasynyň urulmagyny talap etdi, emma muňa derek, ilki Moskwa tarapynyň
eden teklibi boýunça, Damasky öz himiki ýarag arsenallaryndan dyndyrmak
baradaky halkara plana razy boldy.
«Al-Kaýdanyň» Yrakdaky şahamçasy hökmünde işe başlan Yragyň yslam
döwleti we Lewant (YYDL) şu arada Siriýada öňbaşçy ekstremist topara
öwrülip, Yrakda hem gerimini ýaýratdy. Bu topar Yragyň demirgazygynda we
günbatarynda giň territoriýany, şol sanda ýurduň ikinji uly şäheri
bolan Mosuly ele geçirdi.
YYDL ýolbaşçylary häzirki Yrak bilen Siriýanyň ýerlerinde bir Yslam halyfatyny döretmegi umyt edýändiklerini aýdýarlar.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bu topary hatda
«Al-Kaýdadan» hem öte ekstremist diýip atlandyrdy we onuň sebitde has
berk ornaşmagynyň ileri tutulýan meseleleriň ornunyň çalyşmagyna sebäp
boljagyny aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama biraz öň amerikan
goşunlarynyň 2011-nji ýylda Yrakdan çykarylmagyny öz adminstrasiýasynyň
esasy gazanan üstünlikleriniň biri hasaplapdy. Şeýle-de, Assadyň
wezipeden çekilmegine çagyran hem bolsa, ol himiki ýaraglar baradaky
ylalaşyga Birleşen Ştatlaryň bu sebitdäki harby hereketden çeke
durmagynyň bir ýoly hökmünde garapdy.
Ol indi Yraga 300 sany geňeşçi iberip, özüniň YYDL jeňçilerine garşy
nyşanalaýyn howa zarbalaryny urmak meselesi barada oýlanjagyny aýtdy. Bu
bir çatak öwrülişik boldy. Assad bilen Waşington indi täze tapylan
umumy duşman bolup görünýär.
Wagtal-wagtal bolsa, serhetlerine hem Siriýa, hem Yrak serhetlerinden
durnuksyzlyk bolup aralaşmak bilen, Assad Türkiýe üçin hem bir
ünji-alada bolup görünýär. Siriýada 2011-nji ýylda raýat urşy başlanaly
bäri, pitneçi söweşijilere goşulýan jeňçiler ýurduň Türkiýe bilen
araçäkleriniň arasyndan azat-erkin geçmek mümkinçiligine eýe boldular.
Emma Türkiýe indi ol kontrolluklary berkidýär we iýun aýynda «Al-Kaýda»
bilen ilteşikli Al-Nusra frontuny terror guramasy diýip atlandyrdy.
Beýleki günbatar döwletleri muny has öň edipdiler.
Yragyň şaýylaryň agalagyndaky hökümetinde täsir gazanmak üçin ummasyz serişde harçlan Eýran hem alada galana meňzeýär.
Emma bu aladalar Eýranyň Birleşen Ştatlar, ýokary ruhany lider Ali
Hameneýi tarapyndan «Uly şeýtan» atlandyrylýan ýurt bilen bile
işleşmegine ýeterlik derejede ullakanmy? Onsoň Waşington, Tähranyň
islegine garşy gidip, Bagdada has açyk hökümet gurmak barada basyş edýän
bir wagtynda, gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin, Eýran bilen işleşmek
islärmi?
Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogardaky iň ýakyn ýarany Ysraýyl Eýran
bilen hiç bir hyzmatdaşlyk etmeli däldigi, şol sanda jemleýji ýadro
ylalaşygyny hem baglaşmaly däldigi barada duýduryş berdi.
Eýranyň regional bäsdeşi bolan Saud Arabystany bolsa, eýýäm Birleşen
Ştatlardan, uzak wagtlyk ýaranyndan garaşan ygraralylygyny görmändigi
üçin gazaba mündi. YYDL-y göni maliýeleşdirmedik hem bolsa, Riýadyň
Siriýadaky beýleki pitneçi toparlara beren harby we maliýe goldawynyň
başga yslamçy jeňçi toparlara, şol sanda Al-Nusra we YYDL-a hem baryp
ýetendigi güman edilýär.
Dokuz aý mundan öň Ýakyn Gündogar gatnaşyklary çylşyrymly bolupdy.
Indi bolsa ol, megerem, öňkülerine garanda hem çylşyrymlaşan ýaly bolup
görünýär.
No comments:
Post a Comment