Friday, June 20, 2014

Türkmensähraniň Jemhuriýet güni gutly bolsun! (1916 – 1923)
- سالگرد تاسيس "جمهوري ترکمنصحرا" گرامي باد

Türkmensährada dörän Jemhuriýetniň
Başlygy Osman Ahun
Radio Gepleşik - Turkmensahra Habary

Türkmensähra Jemhuriýetinden 83 ýyl geçdi

1924-nji ýylyň Maý aýynda 83 ýyl mundan ozal Türkmensährada Jemhuriýet düzgüni yglan edylyär. Bu Jemhuriýet Türkmen ýaşullaryň we ahunlaryň maslahty bilen Omçalda dörän şuranyň tarapyndan yglan edilýär.
Döredilen Şura ýaşullardan Hojaniýaz han, Göki Sofy, Jänmämet han we beýlekiler; ... Ahun-ulymalardan bolsa, welijan Ahun, Rejeb Ahun we Osman Ahun gatnaşypdyrlar. Şuranyň agzalarnyň atlary taryhda yazga geçipdir we olar öz arasyndan Osman Ahuny Jemhur başlygy edip saýlapdirlar.

Osman Ahun kim?
Taryhy çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä Osman Ahun bilimli we beýik mertebeli adam bolypdyr.
Ol 1867-nji ýylda Kümişdepede enden dogupdyr. Buharanyň Göklydaş (Gögüldaş) medresesynde okapdyr we okuwy gutarandan soň öz halkynyň Arasyna gelyp Mektep açyp türkmen çagalarny mektepde okadypdyr. Osman Ahun syýasy taýdan hem ösen we tejribely adam bolupdyr. Ony Türkmensahra Jemhurysnyň ýollabşçylarnyň Eýranyň Merkezy Hökumetinden eden talablaryndanaňlap bolyär.


Osman Ahuny tanaýän adamlar we ony ýakyndan gören käbir ýaşullar häzyr arada we Türkmensährada ýaşaýärler.


Eýran Türkmenlernyň taryhny öwrenýän alymlar ýa-de, olaryň ýakyn taryhy barada barlag işlerini geçirýänler Osman Ahunyň ýolbaşçylygy baradada soňky wagtlarda azda bolsa maglumat berýärler.


Türkmenleriň islegleri we merkezy hökumetden talablary
Täze dörän Türkmensähra  jomhurýeti öz isleglerne parahatçylyk ýol bilen ýetmäge niýet etýär. Türkmenler öz ilçilerni merkeze (Tährana) ýollaýarlar. olaryň käbir islegleri şular bolupdyr:

1. Türkmensahrada Goşunug ýolbaşçylary ýerli ilatdan bolmali.
2. Türkmensähraň ekin ýerleri türkmenlere berlmely.

3. Maşatda 28 sany günäsiz ýatan türkmenler tussaghanadan azat bolmaly.
4. Türkmenleryn ýaraglary öz ellerinde galmaly.

Türkmensähra Jemhurýetinden gazanylan Tejribeler
Iran Türkmenlerniň ilkinji gezek Türkmensährada öz ýerli hökmetini dörtyär we bir ýyl ýaryma golaý dowam etýär. Ýöne türkmen Serkerdeleri bir näçe ýyl öz söweşlerni Riza şaň garşysyna dowam etdirdýärler. Türkmenleriň gozgalaňy we eden Hreektleri hiç bir ýere bagly bolmandyr. Iran Türkmenleri birinji gezek Iran Taryhynda Jemhuri Düzgünniň döremegny teklip etýär şonuň üçin hem olaryň eden syýasy hereketi bir progresiw häsiýete eýe bolýar. Başga bir häsiýeti Türkmen Tiýre Taýpalaryň birleşdirmegi bolýär.

Jemhurýetyň ykbaly


Türkmensährada dörän Jemhurýeti Riza Şa Pählewiniň tarapyndan gazaply söweşden soň basylyb ýatyrlaýär. Iran Türkmenleryde ýurdyň başga miletlery ýaly tarýh boýy eýeläp gelýän özerkinliklerni elden berýärler. Köp sanly Türkmenler bolsa Riza Şaň hökmetiniň tarapyndan atylýär ýäde tussaga edilýär.
Ýuwurtde bolsa parslaşdyrma prosesy zor billen gün tertibne girýär. Eýran halklary öňkidende beter gysylýär. Täze dörän ýagdaýa jydamany köp sany Türkmenler bolsa öz dogdyk mekanlarny terk edip gidmäge mejbur bolýärler.
Merkezleşen Riza şanyňhökumety Pars dilini Türkmensahrada-da resmi dil etýär.Türkmen Milli egin eşikleriň geýlmegi gadagan bolýär hatta käbir Taryhy çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, gök çaý içmek hem gadagan bolýär.
Merkezi hökmet Türkmensähra Jemhuriýeti ýeňylenden soň Türkmen jemygatnyň tertib düzgünni degişdirmek üçin Hezaralary göçürp getirýär.
Ynha 83 ýyl Türkmensährada Jemhuriýet yglan edilenden geçdi. Eýranda ýaşaýan Türkmen ildeşlermize ýakyn Taryhyna degişly wakalar barada az maglumat berilyär.
Osman Ahun we Türkmen ýaşullary dindar adamlar bolsalarda olar hiç haçan Eýranda tanadylmaýär. Türkmen taryhçylarnyň we Alymlarnyň bir borji şu möhüm taryhy waka barada maglumat beryp Jemhuriýet günini Türkmensährada belläp geçmekleridir. ...
Turkmenshra Habary

No comments:

Post a Comment