![]() |
| Gylyç Kulyýew قپلپچ قولیف |
Yelharaz Edebi Portal: BIRINJI BÖLÜM - KABUL: HARASATLY BAHAR
1
Kabula bir müň dokuz ýüz on dokuzynjy ýylyň bahary gijigibräk geldi.
Fewral aýaklap ýördi, emma howa henizem ýumşanokdy, alem-jahan birsyhly
gamaşyp durdy. Birdenem şuwwuldap, aýazly ýel öwüsdi, gar ýagdy. Şäheri
iki tarapdan gurşap duran Şirderweze hem Asmai daglarynyň gerişleri,
tamdyr-haýatlaryň erňekleri buz lülejikleri bilen bezeldi. Dumly- -duşy
mazasyz, aňzak howa dolap aldy.
Tebigatyň gazabyna tutmagy adam barynyň keýpini bozdy, howatyrly
oýlanmalara, ynjalyksyz çaklamalara sebäp boldy. Kimse: «Eýgilik
bolawersin» diýip, Allany çagyrsa, kimse:
«Merhum Şiraly hanyň[1] zamanynda, iňlisler Kabula dolanda-da şunuň ýaly harasat gopupdy» diýip, ýowuz taryhy ýatlaýardy. Hernä harasat uzaga çekmedi, birden gopuşy ýaly, birdenem ýatdy. Howa sanly günde ýumşady, uzak salym geçmänkä bolsa irginsiz gyş gülberini arkasyna daňdy. Ýaz çykdy.

























